Sepleriň elýeterliligi

Berdimuhamedow özbek prezidentini sapara çagyrdy


Sişenbe güni Türkmenistanyň we Özbegistanyň prezidentleriniň arasynda özara telefon gürrüňdeşligi boldy.

Bu telefon gürrüňdeşliginde prezident G.Berdimuhamedow bilen prezident I.Karimow türkmen-özbek gatnaşyklarynyň käbir möhüm ugurlary barada pikir alyşdylar.

Bu gürrüňdeşlikde prezidentleriň iki ýurduň bähbitlerine degişli regional we halkara syýasaty bilen bagly meselelere-de degip geçendikleri habar berilýär.

Maglumata gorä, telefon gürrüňdeşliginiň barşynda Gurbanguly Berdimuhamedow özbek prezidentini özüne amatly wagty Türkmenistana sapar etmäge-de çagyrypdyr.
XS
SM
MD
LG