Sepleriň elýeterliligi

Azerbaýjanyň prezidenti Gazagystana sapar edýär


Azerbaýjanyň prezidenti Ylham Alyýew Gazagystana iki günlük resmi sapara başlaýar.

Gazagystanyň Azerbaýjandaky ilçisi Serik Primbetow bu saparyň barşynda prezident Ylham Alyýew bilen prezident Nursoltan Nazarbaýewiň, esasan, Gazagystanyň nebitini Azerbaýjanyň üsti bilen daşarky bazarlara geçirmek meselesine uly üns berjekdiklerini mälim etdi.

Azerbaýjanyň prezidentiniň Gazagystana saparynyň çäklerinde Astanada geçiriljek türki dilli ýurtlaryň sammitine-de gatnaşjakdygy habar berilýär.
XS
SM
MD
LG