Sepleriň elýeterliligi

Gresiýada on müňlerçe adam proteste çykdy


Çarşenbe güni Gresiýanyň birnäçe şäherinde on müňlerçe adam döwletiň pul tygşytlaýyş syýasatyna garşy gahar-gazap bildirip, protest demonstrasiýasyna çykdy.

Şu hepde Gresiýanyň parlamenti býujeti has-da tygşytlamak meselesi boýunça ýene nobatdaky gezek ses berişlik geçirer diýlip garaşylýar.

Çarşenbe güni ýerli polisiýa ýurduň paýtagty Afinyda 70 müň töweregi adamyň parlamentiň binasynyň öňüne proteste ýygnanandygyny habar berdi. Gresiýadaky iň uly profsoýuz guramalarynyň ikisi öz işgärleriniň 48 sagatlyk iş taşlaýyş yglan edýändigini mälim etdi.

Ýewropa Bileleşigi bilen Halkara pul gaznasy Gresiýa berýän karzlarynyň ödelmegi üçin bu ýurtdan öz býujetini tygşytlamaklygy talap edýär.
XS
SM
MD
LG