Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

AI arap režimlerine ýarag satan ýurtlary agzaýar


Ynsan hukuklaryny goraýjy «Amnesty International» guramasy arap ýurtlaryndaky halk gozgalaňlaryny goldaýan häzirki käbir günbatar ýurtlarynyň bu arap ýurtlarynyň režimlerini ýarag bilen üpjün edendiklerini aýdýar.

«Amnesty International» guramasynyň bu barada ýaýradan hasabaty 2005-nji ýyldan bäri Müsüre, Liwiýa, Ýemene, Siriýa hem-de Bahreýne satylan ýaraglar baradaky maglumatlary öz içine alýar.

«Amnesty International» guramasy bu arap ýurtlaryna ýarag satan esasy ýurtlaryň hatarynda Orsýetiň, Birleşen Ştatlaryň, Fransiýanyň, Germaniýanyň, Çehiýa Respublikasynyň we Bolgariýanyň-da bardygyny belleýär.
XS
SM
MD
LG