Sepleriň elýeterliligi

logo-print

Gyrgyzystany Gümrük bileleşigine almaga taýýarlyk görýärler


Çarşenbe güni Orsýet, Belarus we Gazagystan özleriniň Gümrük bileleşigine Gyrgyzystany-da kabul etmäge taýýarlyk görýändiklerini mälim etdiler.

Gyrgyzystanyň premýer-ministri Ömürbek Babanow bu barada çarşenbe güni Ýewraziýa Ykdysady Bileleşiginiň premýer-ministrleriniň Sankt-Peterburg şäherinde geçiren maslahatlarynda ylalaşyga gelnendigini aýtdy.

Ýöne Gyrgyzystanyň anyk haçan bu Gümrük bileleşigine goşulyp biljekdigi barada häzirlikçe anyk zat aýdylmaýar.
XS
SM
MD
LG