Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Türkiýe: kürt söweşijileriniň hüjüminde 26 adam öldi


Çarşenbe güni Türkiýäniň günorta-gündogar raýonynda kürt söweşijileriniň eden hüjüminde ýurduň howpsuzlyk we harby güýçlerinden azyndan 26 adamyň ölendigi barada maglumat alyndy.

Mundan daşary, ýerli media çarşenbe güni irden Türkiýäniň Yrak bilen serhetleşýän Hakkari prowinsiýasynda harby we polisiýa postlaryna garşy edilen ýaragly hüjümlerde 16 esgeriň ýaralanandygyny-da habar berdi.

Türkiýäniň resmileri bu hüjümlerde ekstremistik Kürdüstan Işçiler partiýasynyň söweşijilerini aýyplaýarlar. Bu hüjümler Türkiýede soňky birnäçe ýylyň dowamynda ýüze çykan iň uly ýitgili hüjüm diýlip hasaplanylýar.
XS
SM
MD
LG