Sepleriň elýeterliligi

Aşgabat Moskwanyň “Transhazar” wetosyny ret edýär


(çepden saga) Türkmenistanyň Orsýetdäki ilçisi Halnazar Agahanow we Türkmenistanyň daşary işler ministri Raşid Meredow Moskwadaky duşuşykda, 2010-njy ýylyň 8-nji ýanwary.

(çepden saga) Türkmenistanyň Orsýetdäki ilçisi Halnazar Agahanow we Türkmenistanyň daşary işler ministri Raşid Meredow Moskwadaky duşuşykda, 2010-njy ýylyň 8-nji ýanwary.

Türkmenistanyň Daşary işler ministrligi ýurduň Ýewropa Bileleşigi bilen energiýa hyzmatdaşlygy babatynda Orsýetiň pozisiýasyna baha berip, resmi beýanat ýaýratdy. 18-nji oktýbarda ýaýradylan bu beýanatda Türkmenistan Orsýetiň eýelän pozisiýasyny “netijelilige garşy” hasap edýändigini aýdýar.

Türkmenistanyň Ýewropa Bileleşigi bilen energiýa taýdan ýakynlaşmagy babatynda Orsýetiň resmi strukturalarynyň saýlap alan pozisiýasyna geň galma bildirdi. Beýanatda Türkmenistanyň gazgeçiriji proýektleriň syýasylaşdyrylmagyna çürt-kesik garşy çykyş edip gelýänligi nygtalyp, bu proýektleriň ýurduň ykdysady ösüşi üçin zerurlygy bellenýär.

“Energiýa bazarynda özbaşdak we deňhukukly subýektleriň arasynda kadaly, siwilizlenen hyzmatdaşlyk prosesi gidýär. Emma bu Orsýetiň käbir resmileri we habar serişdeleri tarapyndan ýagdaýa laýyk bolmadyk reaksiýa döredýär” diýip, Türkmenistanyň daşary syýasat edarasynyň beýanatynda aýdylýar.

Orsýetiň prezidenti Dmitriý Medwedew ýakynda eden çykyşynda “Transhazar” gazgeçirijisiniň gurluşygy “çylşyrymly mesele” diýip atlandyryldy we proýektiň durmuşa geçirilmegi üçin hazarýaka döwletleriň ählisiniň pozisiýalarynyň ylalaşylmagynyň talap edilýänligi aýdyldy.

“Netijelilige garşy”

Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň beýanatynda Orsýetiň meselä garaýşy “netijelilige garşy” diýlip atlandyryldy we onuň Türkmenistanyň energiýa syýasatynyň many-mazmun taýdan ýoýulmagyna gönükdirilýänligi bellendi.

“Ýewropa partnýorlary bilen bu iş işewür we konstruktiw ugurdan barýar we dowam eder” diýip, türkmen DIM-niň beýanaty şeýle dowam etdirilýär: “Munuň bilen bagly döreýän soraglar barada aýdylanda, Türkmenistan gyzyklanma bildirýän ähli taraplar bilen göni we açyk maslahat etmäge taýýar”.

Aşgabat ÝB bilen 2008-nji ýylda energiýa hyzmatdaşlygy boýunça Memoranduma gol çekeli bäri, dürli derejelerde gepleşik geçirip gelýär. 12-nji sentýabrda ÝB-niň Ýewropa Komissiýasyna “Transhazar” gazgeçirijisini gurmak boýunça gepleşikleri geçirmäge ygtyýar bermeginiň bolsa proýekte gyzyklanma bildirýän taraplaryň gepleşikler prosesine itergi berendigi beýanatda bellenilýär.

“Ýiti seslenme”

Energiýa meseleler boýunça bilermen, azerbaýjanly garaşsyz analitik Azer Hasratyň pikirine görä, Orsýetiň regionda öz ahmiýetini nygtamak we regional goňşularyndan öz bähbitleriniň hasaba alynmagyny talap etmek pozisiýasy regionyň döwletlerini muňa öz närazylygyny görkezmäge mejbur edýär.

“Elbetde, Türkmenistan garaşsyz döwlet hökmünde Orsýetiň prezidenti Medwedewiň we beýleki resmileriň çykyşlaryna baha bermäge borçly. Türkmenistanyň Orsýetiň pozisiýasyna beren bahasy adalatly diýip hasap edýärin” diýip, azerbaýjan bilermeni Azer Hasrat Azatlyk Radiosyna aýtdy.

Hasratyň pikirine görä, Türkmenistanyň söňky beýanaty ozalkylaryna garanda has ýiti seslenmedir. Bilermen muňa Türkmenistanyň Ýewropa Bileleşigi bilen geçirilýän gepleşikleriň netijeliliginiň alamaty hökmünde garaýar.

Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň resmi beýanaty ýurduň Orsýetdäki ilçihanasynyň resmi internet saýty arkaly köpçülige malim edildi. Türkmen tarapynyň bu beýanatyna Orsýet Federasiýasynyň Daşary işler ministrliginden jogap alyp bolmady.

Teswirleri görkez

XS
SM
MD
LG