Sepleriň elýeterliligi

Hytaý ýuany öz ýoly bilen alyp gider


Günbataryň ýurtlary ýuanyň kursunyň ýokarlanmagyny gazanmak isleýärler.

Günbataryň ýurtlary ýuanyň kursunyň ýokarlanmagyny gazanmak isleýärler.

Hytaý öz eksportçy kompaniýalaryna zyýan ýetirmezlik üçin milli walýutasynyň durnuklylygyny mundan beýläk-de saklamakçy. Bu barada golaýda ýurduň hökümetiniň baştutany Wen Szýabao habar berdi.

Şeýle beýanat G20 döwletleriň maliýe ministrleriniň maslahatynyň fonunda—şu ýurtlaryň noýabryň başynda Fransiýada geçjek nobatdaky sammitiniň öňüsyrasynda edildi.

Günbatar döwletler, Hytaýyň söwda hyzmatdaşlary hytaý walýutasynyň kursuny milli eksportçylary goldamagyň hatyrasyna emeli peseldilen hasaplaýarlar, munuň özi, olaryň pikiriçe, dünýä ykdysadyýetinde iň esasy disbalanslaryň birini döredýär. Bu mesele G20-niň soňky ýyllardaky sammitleriniň hemmesinde yzygiderli gozgalyp gelinýär. Hytaý hem her sapar halkara gysyşyna boýun egmejekdigini düşündirýär.

Hytaýyň Döwlet sowetiniň premýeriniň beýanatyndan soň Amerikan Kongresiniň ýokary palatasy kanun proýektini makullady. Şoňa laýyklykda ýurduň hökümetine walýuta kurslarynyň emeli peseldilendigi kesgitlenen ýurtlaryň harytlarynyň garşysyna ýokary import gümrük hakyny girizmäge hukuk berilýär. Bu barada «Wall Street Journal» gazeti özüniň 17-nji oktýabrdaky sanynda belleýär.

Hytaý eksporty

Hytaý eksportynyň ABŞ-a ýa-da Ýewropa Bileleşiginiň ýurtlaryna eksportynyň möçberi bu ýurtlaryň Hytaýa eksportynyň möçberinden has köpdür. Mysal üçin, «Ýewrostat» agentliginiň habar bermegine görä, Ýewropa Bileleşigi üçin bu möçber 2011-nji ýylyň 9 aýy üçin iki esseden-de geçendir.

Şulara garamazdan, köp ekspertler ABŞ-nyň Kongresiniň aşaky palatasynyň öz kanun proýektini goldajagyna ynamsyz garaýarlar. Şu faktyň ýüze çykmagy-da Günbatar ýurtlary üçin meseläniň ýitidigini ýene bir gezek subut edýär.

2009-njy ýylda Hytaý dünýäde harytlaryň iri eksportçysyna öwrüldi. Ol şu babatda dünýä söwdasynyň köp ýyl bäri lideri bolan Germaniýadan ozmagy başardy.

Ýöne Hytaý ykdysadyýetiniň häzirki ösüşiniň esasy herekete getirijisiniň indi eksport däldigine Germaniýanyň Trir şäherindäki uniwersitetiň Hytaýyň ykdysady syýasaty kafedrasynyň işgäri Dirk Şmidt ynanýar. Onuň sözlerine görä, şol 2009-njy ýylda Hytaýyň daşarky söwdasynyň möçberi (dünýä maliýe çökgünligi ýagdaýynda) 14 prosent, eksporty bolsa 16 prosent kemeldi. «Muňa garamazdan, şonda hytaý ykdysadyýetiniň umumy ösüşi 9 prosent boldy!.. Munuň özi içerki bazarda maýa goýumlaryny giňeltmegiň we onuň infrastrukturasyny berkitmegiň netijesinde şeýle boldy.»

Soňky 10-15 ýylyň dowamynda Hytaýyň ykdysady täsiriniň okgunly ösmegi ABŞ-nyňam, Ýewropanyňam, Ýaponiýanyňam ykdysadyýetleriniň gurluşygynda düýpli özgerişliklere getirdi.

Hytaýyň ykdysadyýetiniň täsiriniň ägirtdigini Mýunhendäki IFO barlag institutynyň direktory Gernot Nerb hem nygtaýar: «Mysal üçin, Hytaýyň bäsdeşligi sebäpli, Ýewropada tutuş senagat brendleri ýitirim boldy!.. Beýleki tarapdan, Hytaýyň öz içerki bazarynda islegleriň yzygiderli artmagy Ýewropa kompaniýalaryna eksport üçin täze mümkinçilikler açýar».

Uly bolmadyk import

Hytaý dünýäde iň iri altyn walýuta rezerwleriniň—3,2 trillion dollaryň eýesidir. Onuň yzyndan barýan ýurdy deňeşdirip göreliň: Ýaponiýanyň 1,1 trillion dollary, üçünji orunda barýan Orsýetiň bolsa 510 milliard dollary bardyr. Hytaýyň rezerwleriniň diňe bir ýurtdan çykarylýan ägirt eksportyň hasabyndan däl, eýsem onçakly uly bolmadyk importyň hasabyndanam emele gelendigini ABŞ-daky Stenford uniwersitetiniň Guwerow merkeziniň ylmy işgäri Mihail Bernştam aýdýar.

«Birinjiden, Hytaýda az çaga dogurmak syýasaty alnyp barylýar» diýip, ol düşündirýär: «Soňky nesliň ömrüniň dowamynda şu zatlar ýüze çykdy—ata-ene gartaşan çagy öz çagalarynyň goldawyna bil baglap bilmeýär. Ýogsa Hytaýda perzent gadym döwürden bäri öz ata-enesini penalaýardy. Ýagdaý üýtgänsoň, indi hytaýlylar ömrüniň ahyryna diýip pul ýygnaýarlar. Şolaryňky ýaly tygşytlylygy dünýäde hiç kim başarmaýar».

“Ikinjiden—diýip, Bernştam dowam edýär.—Hytaý eksporta garanyňda, importdan örän az peýdalanýar. Ýogsa ýurduň içerki sarp edişi össe-de, häzirlikçe pesliginde galýar. Häkimiýetler tarapyndan yglan edilen esasy maksatlaryň biri— içerki sarp edişi giňeltmek. Eksportyň importdan hemişe agdyklygy-da ägirt söwda profisitini emele getirdi. Soňky ýyllarda bu tapawut ýylda 200 milliard dollary düzdi, soňra—400 milliard. Häzir ol ýylda 300 milliard dollar töweregi derejesinde «durnuklaşdy». Birnäçe ýylyň puluny goşalyň. Şonda söwda profisitiniň trillionlarça dollary emele geler. Şolaryň agramly bölegi-de Hytaýyň Milli banky tarapyndan satyn alyndy we onuň rezerwlerinde goýuldy—diýip, Mihail Bernştam nygtady.— Bu zatlar ägirt walýuta massasynyň ýuanyň kursunyň ýokarlanmazlygy üçin edildi we edilýär».

Ýuan

Günbataryň ýurtlary ýuanyň kursunyň ýokarlanmagyny gazanmak isleýärler. Muny ençeme ýyl bäri Hytaýyň häkimiýetleriniň gulaklaryna guýubam gelýärler. Hytaýam öz milli walýutasynyň rewalwasiýasyny baryp 2005-nji ýylda başlady, ýöne öz «grafigi» boýunça, ýagny ýuwaşjadan başlady. Şondan bäri ýuanyň dollara bolan gatnaşygy tas çärýege çenli ýokarlandy. Emma ABŞ we Ýewropanyň ýurtlary muny ýeterlik hasaplamaýarlar.

«Hytaýyň şeýle basyşlara birnäçe sebäplere görä eglişik edesi gelenok» diýip, Dirk Şmidt belleýär. Birinjiden, onuň pikiriçe, häkimiýetler bu mesele milli garaşsyzlyga täsir edýär diýip hasaplaýarlar, olar öz ilatynyň gözleriniň alnynda utulmak islemeýärler. Ikinjiden, Hytaýda 1985-nji ýylda G7 ýurtlaryndan bäşisiniň dollaryň nemes markasyna we ýapon iýenasyna bolan gatnaşygyny pese gaçyrmak boýunça ylalaşyklaryny heniz unudanoklar. Şu ylalaşygyň netijesinde iýenanyň dollara bolan gatnaşygy iki ýylyň dowamynda ýarym esse ýokarlandy.

Hut şunuň özüniň-de basym Ýaponiýada bank çökgünliginiň ýaýramagynyň we gozgalmaýan emläkleriň bazarynyň batmagynyň sebäbine öwrülendigine Hytaýda ynanýarlar. Şu zatlardan Ýaponiýa indi onlarça ýyl bäri aýňalyp bilenok, ýurtdaky ykdysady ösüş—minimal derejede. Wakalaryň şeýleräk ýagdaýda ösüp gidäýmeginden-de Hytaýda ätiýaç edýärler diýip, Dirk Şmidt aýdýar: «Başga tarapdan bolsa, ýuanyň çalt rewalwasiýasy köp sanly hytaý kompaniýalarynyň batmagynyň girdabyna eltip biler. Şularyň barysy-da näme üçin hytaý hökümetiniň milli walýutanyň rewalwasiýa meselesinde iňňän seresaply çemeleşýändigini düşündirýär».

Şonuň bilen birlikde hytaý häkimiýetleri ýakyn geljekde ýuany dünýä walýutalarynyň esasylarynyň birine öwürmegi niýet edýändiklerini aýdýarlar. Ýöne munuň üçin ýuan, ilkinji nobatda, dollar, ýewro ýa-da iýena ýaly meşhurlyk gazanmaly, halkara söwdasynda hasap-hesip walýutasy bolmaly. Häzirlikçe welin Hytaýyň esasy söwda hyzmatdaşlary ýurduň häkimiýetleriniň milli eksportçylary goldamak üçin ýuanyň kursunyň ýokarlanmagyny emeli ýagdaýda saklaýarlar diýip hasaplaýarlar.

Sergeý Seninskiý Azatlyk Radiosynyň Rus gullugynyň žurnalisti.
XS
SM
MD
LG