Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Talyplar üçin Täjigistana ýol açyk


Täjigistanyň Milli uniwersitetinde, 2010-njy ýyl.
Täjigistanyň Milli uniwersitetinde, 2010-njy ýyl.
Türkmenistanda ýokary bilim almak isleýän ýaşlar indi nijeme ýyllar bäri bilime barýan ýolda päsgelçilik baryna sataşyp gelýärler. Ýurtda bilim ulgamynda korrupsiýanyň aşa ösenligi sebäpli olaryň köpüsi üçin öz Watanlaryndaky ýokary okuw jaýlarynyň gapysy açyk bolmady. Şeýle bolansoň, ýokary bilim almak isleýän ýaşlaryň köpüsi daşary ýurtlara hem-de GDA döwletlerine, goňşy respublikalaryň ýokary okuw jaýlaryna öz hasaplaryna okuwa gidip başladylar.

Öz hasabyna okuwa gidende-de ýaşlar üçin kynçylyklar örän köp boldy. Belarusda okap ýören talyp terrorçylykly wakanyň netijesinde maýyp bolan bolsa, Gyrgyzystana okuwa gidenleriň göwni syndyryldy. Gyrgyzystanda ençeme ýyl okan talyplar soňra ol ýurda okuwlaryny dowam etdirmäge goýberilmediler.

Daşary respublikalarda okaýan ýaşlar üçin kynçylyk yzyna kynçylyk döredi. Bu ýyl bolsa Täjigistanda okaýan ýaşlara ol ýurda gitmek gadagan edildi. Okuwa gitmelileriň arasynda 4-nji, 5-nji kursy tamamlanlar-da bardy. Bu ýagdaýyň näme sebäpden ýüze çykandygy hakda halka ne-hä häkimiýetler, ne-de köpçülikleýin habar beriş serişdeleri düşündirdiler. Sada halk bolsa diňe takdyra ten berip, ykballaryna kaýyl bolup gezmekden başga zady başarmaýar. Häkimiýetler bilen jetleşmäge bolsa olar elektrik energiýasyndan hem-de tebigy gazy ulanmadan mahrum ediler öýdüp gorkýarlar.

Birden, kimden hemaýat ýetenligi-de belli däl, oktýabr aýynda—okuwlaryň başlananyna iki aý geçensoň, Täjigistana okuwlaryny dowam etdirmäge gidip bilmän oturan ýaşlaryň gulagyna hoş habar degdi. Olara Täjigistana gitmek üçin ýol açyldy. Häzir olar ýurtdan çykyp gitmek üçin rugsat hatlaryny düzedip başladylar.

Bu habara ene-atalaryň begenjiniň-de çägi bolmady. Ene-atalaryň bir topary çagalarynyň Täjigistana—okuwlaryny dowam etdirmäge goýberilýänligine begense-de, ýene bir topary ogul-gyzlarynyň Täjigistanyň ýokary okuw jaýlarynda ýokary bilim alyp, elleri diplomly gelenlerine gynandylar. Sebäbi Täjigistanyň ýokary okuw jaýlarynyň beren diplomlary Türkmenistanda ýöremeýär hem-de şol ýurduň ýokary okuw jaýlarynyň diplomyny edinenlere Türkmenistanda iş berilmeýär.

Hatda Türkmenistanda medisina hem matematika boýunça kadrlaryň ýetmezçilik edýänligine seretmezden, Täjigistanyň medisina institutyny tamamlanlara-da, ol ýurtda matematik hünärini ele alanlara-da döwlet edaralarynda iş ýok.

Serdar Gulgeldiýew Aşgabatda ýaşaýan intelligensiýa wekiliniň edebi lakamy, synçy. Blogdaky pikirler awtoryň özüne degişli.
XS
SM
MD
LG