Sepleriň elýeterliligi

Türkiýe: Wan şäherinde wepat bolan esgerler jaýlanýar


Penşenbe güni Türkiýäniň gündogaryndaky Wan şäherinde kürt separatistleriniň hüjüminde ölenleriň jaýlanyş merasimi bolar. 24 esger hüjümleriň pidasy boldy.

Türkiýäniň harby güýçleri Yragyň demirgazygynda kürt separatistlerine garşy operasiýa geçirýär. Degişli görkezmäni Türkiýäniň premýer-ministri Rejep Taýýip Erdogan berdi. Ol şu waka bilen bagly Gazagystana resmi saparyny ýatyrdy.

Yrak hökümeti, ABŞ-nyň prezidenti, NATO agza ýurtlar, ÝB kürt separatistleriniň hereketlerini ýazgardylar. BMG-niň Baş sekretary Pan Gi Mun bu ýerliksiz hüjümleriň soňuna çykmak üçin, Bagdat bilen Ankarany konstruktiw gepleşiklere çagyrdy.
XS
SM
MD
LG