Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Gresiýada täze kanun proýekti sese goýlar


Gresiýanyň parlamenti çarşenbe güni agşam döwlet çykdajylaryny mundan beýlägem tygşytlamak baradaky kanun proýektini deslapdan goldady. Goşmaça halkara maliýe ýardamyny almak üçin, bu dokumentiň kabul edilmegi gerek.

Kanun proýektini häkimiýeti dolandyryjy “Pasok” partiýasynyň deputatlarynyň ählisi goldady. Penşenbe güni gutarnykly ses berlişlik geçiriler, şondan soň kanun güýje girer.

Grek häkimiýetleriniň hereketlerine protest hökmünde ýurtda iki günlük ählumumy iş taşlaýyş yglan edildi.

Çarşenbe güni Afinyda parlamentiň jaýynyň öňüne 70 müň töweregi adam ýygnandy. Demonstrasiýa bidüzgünçiliklere ýazdy. Protestçiler polisiýa daş, içi ýangyçly çüýşeler zyňdylar. Polisiýa jogap hökmünde göz ýaşardyjy gaz ulandy.
XS
SM
MD
LG