Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Hillari Klinton owgan paýtagty Kabula geldi


Birleşen Ştatlaryň Döwlet sekretary Hillari Klinton çarşenbe güni öňünden yglan edilmedik sapar bilen Owganystana geldi. Onuň penşenbe güni prezident Hamid Karzaý, ýurduň beýleki ýolbaşçylary, şeýle-de graždan jemgyýetiniň wekilleri bilen duşuşýandygy aýdylýar.

Klintonyň saparynyň maksady Owganystanyň öz içinde barlyşyk prosesine goltgy bermek. Aram talyplar bilen ýaraşyk boýunça komissiýa baştutanlyk eden Owganystanyň öňki prezidenti Burhaneddin Rabbaniniň geçen aý öldürilmegi barlyşyk prosesine juda uly zarba bolupdy.

Klinton owgan ýolbaşçylary bilen howpsuzlyk baradaky ylalaşygy hem maslahatlaşar.
XS
SM
MD
LG