Sepleriň elýeterliligi

ABŞ Hytaýa internet bilen bagly resmi hat ýollady


Amerikan hökümeti Hytaýa internetde senzuranyň ölçegleri hem çäkleri baradaky resmi hatyny ýollady.

ABŞ-nyň söwda wekili Ron Kirkiň ýaýradan beýannamasynda şol hatyň Dünýä Söwda Guramasynyň düzgünlerine esaslanýandygy, şol talaplaryň gurama agza ýurtlary söwda pudagynda bäsdeşlik şertlerini üpjün etmäge borçly edýändigi bellenilýär.

Kirkiň sözlerine görä, ABŞ Hytaýyň häkimiýetleriniň haýsy çelgiler boýunça daşary ýurt internet saýtlaryny ýapýandygyna düşünmek isleýär.
XS
SM
MD
LG