Sepleriň elýeterliligi

Kaddafi öldürildi


Liwiýalylar we günbatarly liderler sekiz aýa çeken rewolýusiýa netijesinde öz dogduk şäherinde öldürilen diktator Muammar Kaddafiniň ölümini mübärekleýärler.



Liwiýanyň liderleri häkimiýetden agdarylan Muammar Kaddafiniň ölüminden soň ýurt üçin täze sahypanyň açylandygyny aýdýarlar. Demirgazyk Afrika ýurduny 42 ýyllap dolandyran diktator şu ýylyň awgust aýynda häkimiýetden agdarylypdy.

Liwiýanyň geçiş hökümetiniň premýer-ministri Mahmud Jibril 69 ýaşly Kaddafiniň bir aýdan gowrak wagta çeken göreş netijesinde Sirte şäherinde öldürilendigini tassyklady.

Milli geçiş geňeşiniň sözçüsi Abdel Goga Bengazide geçirilen metbugat konferensiýasynda Kaddafiniň rewolýusionerleriň elinde öldürilendigni, onuň diýdimzor hökümdarlygynyň we diktaturasynyň tamamlanandygyny, Liwiýa we tutuş dünýä üçin bu sahypanyň ýapylandygyny aýtdy.

Telewideniýe Kaddafiniň öldürilendigi we onuň tarapdarlarynyň iň soňky daýanç nokady bolan deňizýaka Sirte şäheriniň ýurduň täze liderleriniň eline geçendigi baradaky habarlardan soň köçelerde şatlyk-şagalaň bilen baýram edýän Sirtäniň ýaşaýjylaryny görkezdi.

Kaddafiniň ençeme ýaranlary, şol sanda ogly Mutassim, onuň kakasynyň milli howpsuzlyk boýunça öňki maslahatçysy hem öldürildi. Habarlara görä, Kaddafiniň beýleki ogly Saif al-Islam aýagyndan ýaralanypdyr, onuň Sirte şäheriniň demirgazyk-günbataryndaky Zlitan şäherinde ýerleşýän keselhanada saklanýandygy aýdylýar.


Dünýä liderleri Kaddafiniň ölümini Demirgazyk Afrika ýurdunda diktaturanyň, despotlugyň, şeýle hem söweşiň tamamlanmagy hökmünde kabul edip, bu wakany gutladylar.

Mart aýynda NATO-nyň interwensiýasyna itergi beren Birleşen Ştatlaryň prezidenti Barak Obama “diýdimzorlugyň garaňky kölegesiniň” aradan aýrylandygyny aýtdy.

Obama “doly demokratiýa tarap barýan uzak we öwrümli ýoluň” geçilmeginiň “Kaddafiniň diktaturasynyň doly ýykylmagy” boljakdygyny belledi.

Şeýle hem Obama Kaddafiniň ykbalynyň arap dünýäsinde göreş alyp barýan beýleki dolandyryjylar üçin “demir ýumruk bilen dolandyrmagyň ahyryn soňunyň gelýändigini görkezýän” sapak bolmalydygyny aýtdy.

Arap ligasynyň ýolbaşçysy Nabil al-Arabi liwiýalylary “geçmişiň ýaralaryndan saplanmaga we geljege öýke we ar alyş duýgulary bilen garamazlyga, milli birligi we parahatçylygy bozup biljek islendik hereketlerden saklanmaga çagyrdy”.

Britaniýanyň premýer-ministri Deýwid Kameron hem bu wakany Liwiýanyň “demokratik geljegi” üçin pursat hökmünde mübärekledi.

Fransiýanyň prezidenti Nikolýa Sarkozi Kaddafiniň ölümini “40 ýyldan gowrak diktaturanyň we zorlukly režimiň gol astynda ýaşan liwiýa halkynyň özlerini azat etmek ugrunda sekiz aýlap alyp baran göreşinde uly öňe gidişlik” hökmünde häsiýetlendirdi.

Ýewropa Komissiýasynyň prezidenti Žoze Manuel Barroso Brýusselde žurnalistleriň öňünde eden çykyşynda bu wakany despotizmiň soňy hökmünde suratlandyrdy we Liwiýanyň halkynyň uzak wagtlap ejir çekendigini belledi.

BMG-niň Baş sekretary Pan Gi Mun bu günüň “Liwiýa üçin taryhy geçiş” hökmünde alamatlanandygyny” aýdyp, “munuň diňe başlangyjyň soňy bolandygyny” belledi.

NATO-nyň Baş sekretary Anders Fogh Rasmussen hem Kaddafiniň “gorkunç häkimiýetiniň ahryn soňunyň gelendigini” aýdyp, harby ýaranlygyň Liwiýadaky missiýasynyň gysga wagtyň içinde tamamlanjakdygyny mälim etdi.

Teswirleri görkez

XS
SM
MD
LG