Sepleriň elýeterliligi

ABŞ: “Talyban” bilen gepleşik mümkinçiligi aradan aýrylanok


Penşenbe güni Birleşen Ştatlaryň Döwlet sekretary Hillari Klinton Owganystandaky uruşlary soňlamak üçin “Talyban” güýçleri bilen gepleşik geçirmek mümkinçiliklerini aradan aýyrmaýandygyny aýtdy.

Owganystanyň paýtagty Kabula edýän sapary wagtynda eden bu çykyşynda Hillari Klinton “Talyban” güýçleriniň özara hyzmatdaşlykdan ýüz öwren halatynda, olara garşy alnyp barylýan hüjümleriň-de dowam etdiriljekdigini nygtady.

Çarşenbe güni öňünden yglan etmezden Kabula sapara baran Hillari Klinton ýurduň prezidenti Hamid Karzaý bilen gepleşik geçirmekligi-de planlaşdyrýar.
XS
SM
MD
LG