Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Eýran BMG-niň wekiliniň hasabatyny tankyt etdi


Penşenbe güni Eýranyň hökümeti BMG-niň Eýran boýunça täze hasabatçysy Ahmed Şahidiniň bu ýurtdaky adam hukuklary barada taýýarlan hasabatyny tankyt etdi.

Asly maldiwli Ahmed Şahidi özüniň BMG-niň Baş Assambleýasy üçin niýetlenen hasabatynda Eýrandaky adam hukuklarynyň bozulmalary bilen baglanyşykly köp faktlary getiripdir.

Ol bularyň hatarynda şu ýylyň başyndan bäri Eýranda resmi ýagdaýda 200-den gowrak adama ölüm jezasy berlip, öldürilendigini-de belleýär.Şolardan 83-si diňe ýanwar aýynda öldürilipdir.

Özüniň bu hasabatynda Ahmed Şahidi Eýranda ölümi jezasy berlip öldürilýän köp adamlaryň hossarlaryna, köplenç, bu barada maglumat hem berilmeýändigini aýdýar.
XS
SM
MD
LG