Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Moldowada prezidentlik saýlawlary noýabrda geçiriler


Penşenbe güni Molodowanyň parlamenti nobatdaky prezidentlik saýlawlarynyň şu ýylyň 18-nji noýabrynda geçiriljekdigini yglan etdi.

Moldowanyň ozalky kommunist prezidenti Wladimir Woroniniň 2009-njy ýylyň sentýabrynda wezipesinden çekileli bäri, bu ýurtda prezident saýlamak meselesi başa barman gelýär.

Moldowanyň kanunyna laýyklykda, ýurduň prezidentini parlament saýlamaly we prezidentiň saýlanmagy üçin oňa deputatlaryň azyndan 61-si ses bermeli.

Moldowanyň häzirki dolandyryjy koalisiýasy parlamentde 59 orny eýeleýär.
XS
SM
MD
LG