Sepleriň elýeterliligi

KFOR Kosowada Serbiýanyň barrikadalaryny ýumurdy


Penşenbe güni Kosowanyň demirgazyk raýonynda ýerli etniki serbleriň ýol ugrunda döreden päsgelçiliklerini aýyrmaga baran parahatçylygy goraýjy güýçler protest bildiriji serblere garşy göz ýaşardyjy gazlary ulanmaly boldular.

150 töweregi ýerli serb ýaşaýjylary NATO-nyň parahatçylygy goraýjy güýçleriniň ýollardaky päsgelçilikleri aýyrmaklarynyň öňüne böwet bolmaga çalyşdylar. Wakada parahatçylygy goraýjy güýçler göz ýaşardyjy gazlary ulanyp, protestçileri dargatdylar.

Kosowanyň Serbiýa bilen serhet ýakasynda ýaşaýan ýerli etniki serbler Kosowanyň Serbiýadyň bölünip aýrylmagyna protest bildirip gelýärler. Şu ýylyň iýul aýynda olar muňa protest hökmünde Kosowanyň serhet ýakadaky transport ýollarynyň ugurlaryny çagyl we güm üýşmekleri bilen bagladylar.
XS
SM
MD
LG