Sepleriň elýeterliligi

Soňky döwürler Türkiýäniň daşary syýasatynda gapma-garşylykly garaýyşlara sebäp bolup gelýän zatlardan birem onuň Eýran bilen ýakyn hyzmatdaşlyk alyp barmak ugrundaky tagallalary bolup geldi.

Ýöne beýleki tarapdan, ýakynda Türkiýäniň öz territoriýasynda NATO-nyň howa goranyşyna degişli harby radar sistemasyny ýerleşdirmäge razylyk bermegi Eýranda ýiti garşylykly reaksiýalary döretdi. Eýran muňa garşy gahar hem-de haýbat bilen reaksiýa bildirdi.

Eýranyň baş ruhany lideri Aýatolla Ali Hameneýi Türkiýäniň bu kararyny ýazgaryp çykyş eden bolsa, ýurduň ýokary derejeli harby we hökümet resmileri Ankaranyň bu kararynyň onuň özi üçin “gowulyk bilen gutarmajakdygyny” aýdyp, haýbat atdylar.

“Çynlakaý ýagdaý”

Fransiýadaky “Burgundy” biznes merkeziniň Eýran boýunça analitigi Jamşid Assadi Eýran tarapynyň bu reaksiýalaryna düşünip bolýandygyny belleýär:

—Bu örän çynlakaý ýagdaý we bu Eýran üçin örän möhüm zady aňladýar, şoňa görä-de Eýran muny halamaýar. Eýran özüni indi has-da izolirlenen hem-de howp astynda duýýar. Eýranyň metbugatyny, aýratynam, konserwatiw neşirlerini okanyňda, olaryňam bu ýagdaýy berk tankytlaýandyklaryny görmek bolýar.

NATO-nyň harby radar sistemasyny öz territoriýasynda ýerleşdirmäge Türkiýäniň razylyk bermegini köp synçylar Waşingtonyň özboluşly bir harby we diplomatik ýeňşi hökmünde häsiýetlendirýärler. Olaryň pikiriçe, bu waka Türkiýäniň NATO-daky öz partnýory bolan Birleşen Ştatlaryň Eýran babatda alyp barýan syýasatyny goldamasy hökmünde alamatlandy.

Ýöne, beýleki tarapdan, bu waka yslam köklerine daýanýan Türkiýäniň dolandyryjy “Adalat we Galkynyş” partiýasynyň soňky ýyllar goňşy Eýran bilen hoşniýetli gatnaşyklary ösdürmek hakynda yglan eden syýasatyndan daşlaşmasy ýaly bolubam görünýär.

Türkiýäniň ozalky diplomaty Sinan Ulgen bu soňky wakanyň indi Eýran bilen gatnaşyklary gowulandyrmak syýasatynyň tamamlanandygyny görkezýändigini aýdýar.

—Meniň pikrimçe, biz indi täze bir fazanyň gürrüňini etmelimikäk öýdýärin. Hakykatdanam, biz indi has realistik baha berişligiň döwrüne gadam basýarys. Tährandan gelip gowuşýan açyk beýanatlar indi Ankara bilen Tähranyň arasyndaky dartgynlylygyň-da artmak howpundan habar berýär. Bu dartgynlylyk Türkiýe bilen Eýranyň arasyndaky gatnaşyklara ozaldan mahsus bir dartgynlylyk. Munuň sebäbem, bu ýurtlaryň taryh boýunça regionda öz täsirlerini ornaşdyrmak ugrunda birek-birek bilen özara bäsleşip gelýändikleri bilen baglanyşykly.

Siriýada boýunça pozisiýalar

Beýleki tarapdan, Stambul uniwersitetiniň syýasy ylymlar boýunça analitigi Nuraý Mert NATO-nyň harby radar sistemasy bilen bagly meseleden birneme öň hem Ankara bilen Tähranyň arasynda bähbitleriň çaprazlygynyň ýüze çykandygyny aýdýar. Hususan-da, ol bu meselede arap ýurtlaryndaky, aýratynam, Siriýadaky halk çykyşlary babatda Türkiýe bilen Eýranyň eýeleýän garşylykly pozisiýalarynyň uly rol oýnaýandygyny belleýär.

Nuraý Mertiň pikiriçe, Türkiýe tarapyndan goldanylýan Siriýanyň oppozision güýçleri häkimiýet başyna gelse, bu ýagdaý Eýranyň bähbitlerine uly urgy bolup biler:

—Eger Siriýada režim çalşaýsa, regiondaky täsirleriň mynasybeti hem düýpli özgerer. Sebäbi, bu ýagdaýda Eýran Siriýany ýitirýär, ýagny, eýranlylar Ýakyn Gündogardaky we regiondaky möhüm bir täsir bazasyny ýitirýärler. Şeýlelikde, bu Eýran üçin uly bir ýeňliş bolar. Şu wakalaryň çygrynda bolsa, Türkiýe Siriýanyň dissidentleriniň tarapyny tutýar we nähilidir bir režim çalşyrylyşygyny goldaýar. Eýran muny gönüden-göni özüne garşy gönükdirilen hereket hökmünde kabul edýär.

Ýone, bu wakalaryň fonunda Türkiýe bilen Eýranyň arasynda dowam edýän maliýe we söwda hyzmatdaşlyklary Waşingtonda doly goldaw tapmaýar. Syýasy sahnada Türkiýe bilen Eýranyň arasyndaky gatnaşyklarda sowuklygyň emele gelendigine garamazdan, olaryň söwda gatnaşyklary kem-kem ösmek bilen.

Günbatar döwletleri tarapyndan käbir ykdysady sanksiýalar bilen ýüzbe-ýüz bolup gelýän Eýran bu meselede Türkiýe bilen ykdysady we maliýe hyzmatdaşlyklaryna örän uly zerurlyk duýýar. Käbir synçylar Eýranyň şu zerurlygynyň hem syýasy sferada Ankaranyň özüni has ynamly duýmagyna sebäp bolýandygyny öňe sürýärler.

Teswirleri görkez

XS
SM
MD
LG