Sepleriň elýeterliligi

Nýu-Ýorkda sud iki eýranla resmi günä bildirdi


Penşenbe güni Nýu-Ýorkda sud Saud Arabystanynyň ABŞ-daky ilçisini öldürmek maksady bilen dildüwşük gurnamakda güman edilýän iki eýranla resmi günä bildirdi.

Dildüwşügiň üstüniň açylandygyny amerikan häkimiýetleri geçen hepde mälim edipdi. Güman edilýänleriň biri amerikan we eýran goşa raýatlygy bolan Manssor Arbabsiar tussag astyna alyndy, ikinjisi Gulam Şakuri Eýranda gizlenýär. Derňewiň maglumatlaryna görä, ol Eýranyň ýörite gulluklarynyň işgäri.

Eýran dildüwşüge gatnaşygyny üzül-kesil ret edýär.
XS
SM
MD
LG