Sepleriň elýeterliligi

Siriýa Arap ligasynyň delegasiýasyny kabul eder


Siriýa häkimiýetleri prezident Başar al-Assadyň režimi bilen oppozisiýanyň arasynda gepleşikleri ýola goýmak isleýän Arap ligasynyň delegasiýasyny kabul etmäge razylaşdy.

Damaskdaky çeşmesine salgylanyp, penşenbe güni Liwan radiosynyň beren maglumatyna görä, delegasiýanyň Siriýa gelmeli wagty geljek hepdäniň çarşenbe gününe bellenipdir.

Mundan öň Arap ligasy iki hepdäniň içinde öz opponentleri bilen gepleşikler stolunyň başyna geçmäge Siriýanyň häkimiýetlerini çagyrypdy.

Siriýada bidüzgünçilikler sekiz aý bäri dowam edýär. Şol döwür içinde, BMG-niň maglumatyna görä, üç müňden gowrak adam ölüpdir, olaryň aglabasy graždan adamlar, şol sanda 187 çaga heläk bolupdyr.
XS
SM
MD
LG