Sepleriň elýeterliligi

logo-print

Gresiýada täze kanun proýekti makullandy


Gresiýanyň parlamenti döwlet çykdajylaryny tygşytlamak boýunça täze kanun proýektini makullady. Şol dokument halkara maliýe kömeginiň indiki tapgyryny almak üçin, Gresiýa zerur.

Afinyda ses berişlik geçirilen güni on müňlerçe adam berk ykdysady çärelere garşy protest aksiýalaryna gatnaşdy.

Radikal toparlar protestlere gatnaşýan parahat adamlara hüjüm edende, demonstrasiýada bidüzgünçilik döredi. Çaknyşyklara polisiýa goşulmaly boldy. Bir adamyň ölendigi, 70 adamyň ýaralanandygy, onlarça protestçiniň saklanandygy habar berilýär.

109 milliard ýewro möçberinde Gresiýa kömek bermek meselesini ÝB we Halkara pul gaznasy noýabr aýynyň ahyryna çenli çözer.
XS
SM
MD
LG