Sepleriň elýeterliligi

ABŞ-nyň Döwlet sekretary Pakistana bardy


Birleşen Ştatlaryň Döwlet sekretary Hillari Klinton iki günlük sapar bilen Pakistana bardy.

Onuň bu ýurduň ýolbaşçylary bilen gepleşikleriniň üns merkezinde Pakistanda we Owganystanda ekstremizme we terrorizme garşy göreş meselesi durýar.

Şu ugurdan Yslamabadyň edýän tagallalalaryny Waşington ýeterlik däl hasaplaýar hem Päkistana syýasy gysyşlary güýçlendirýär.

Mundan öň owgan paýtagtynda eden çykyşynda Klinton Owganystana kömek bermekde üç meseläni çözmäge: göreşmäge, gepleşikler geçirmäge we gurmaga Pakistany çagyrdy.
XS
SM
MD
LG