Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Orsýetiň prezidenti žurnalistler bilen duşuşdy


Orsýetiň prezidenti Dmitriý Medwedew Moskwa Döwlet uniwersitetiniň žurnalistika fakultetinde ýaşlar bilen geçiren duşuşygynda öňki SSSR respublikalarynyň ýolbaşçylaryna öz halkyny başgalaryň garşysyna goýmaly däldigini duýdurdy. Muňa mysal hökmünde Gürjüstany getirdi.

Azatlyk Radiosynyň habarçysynyň maglumatyna görä, prezident bilen duşuşykdan öň birnäçe student saklanypdyr. Olaryň biri “Oleg Kaşini kim urdy?” diýen ýazgyly ýakasyz köýnekli, ikinjisi “Näme üçin siz Twitterde, Hodorkowskiý bolsa türmede?” diýen şygar bilen duşuşyga gelipdir.

Prezident bilen duşuşmaga öňünden saýlanyp alnan studentlere rugsat berlipdir.

Federal gorag gullugynyň işgäri Azatlyk Radiosynyň korrespondenti Irina Şewtaýewadan kamerasyny görkezmegi talap edip, ondan üç suraty, şol sanda studentleriň saklanan pursatyny aýrypdyr.
XS
SM
MD
LG