Sepleriň elýeterliligi

Kommunist Rahymowyň we beýlekileriň ykbaly


Ozal dürli döwlet işlerinde işläp, soňra anyk bolmadyk aýyplamalar esasynda, ýapyk sudlarda sud edilip, uzak möhletli türmä basylan öňki resmileriň sany belli däl.

Ozal dürli döwlet işlerinde işläp, soňra anyk bolmadyk aýyplamalar esasynda, ýapyk sudlarda sud edilip, uzak möhletli türmä basylan öňki resmileriň sany belli däl.

Türkmenistanyň hasaba alynmadyk Kommunist partiýasynyň lideri Serdar Rahymowyň işi günä geçiş baradaky komissiýa geçirilipdir. Orsýet federasiýasynyň Kommunist partiýasynyň merkezi komitetiniň harby-watançylyk meseleleri baradaky komissiýasynyň başlygy Ýewgeniý Kopyşew Azatlyk Radiosyna beren gürrüňinde özüniň prezident Gurbanguly Berdimuhamedowa iberen on çemesi hatynyň soňkusyna Türkmenistanyň Moskwadaky ilçisi Halnazar Agahanowdan jogap gelendigini, onuň bu mesele barada türkmen ýolbaşçylaryndan maglumat sorandygyny we Aşgabatdan Serdar Rahymowyň işi günä geçiş baradaky komissiýa geçirildi diýen jogaby alandygyny aýtdy.

Ýewgeniý Kopyşewiň pikirine görä, Serdar Rahymow indi sekiz ýyl bäri bikanun türmede saklanýar.

Nobatdaky günä geçişden edilýän umytlar

Türkmenistanda, her bir baýramçylygyň öňünden bolşy ýaly, ýene günä geçişlige garaşylýar. Häkimiýetleriň Türkmenistanyň garaşsyzlygynyň 20 ýyllygyny has dabaralandyrmak üçin edýän tagallalary halk içinde bu uly baýramçylykdan öň “altyn amnistiýa” yglan ediler diýen umydy döretdi diýip, ýerli çeşmeler habar berýär. Belki, Serdar Rahymow ýaly syýasy bendi hasaplanýan tussaglar hem nobatdaky şol günä geçişiň sanawyna giriziler.

Moskwada Türkmenistanda adam hukuklary we demokratiýa ugrunda iş alyp barýan guramanyň başlygy Anatoliý Fomin Serdar Rahymowyň öz dostudygyny we eger ol azatlyga çyksa, gaty gowy boljagyny aýdýar.

Ýöne Fomin Türkmenistanda boljak nobatdaky günä geçişlikde hem, adatça bolşy ýaly, o diýen ähmiýetsiz tussaglaryň azat ediljegini, emma syýasy tussaglaryň boşadylmajagyny çaklaýar. Fominiň pikirine görä, türkmen prezidenti syýasy sebäpler esasynda türmä basylan adamlary özüne konkurent, ýagny bäsdeş hasaplaýar. “Belki ol Serdary bäsdeş hasaplaýan däldir, bilmedim” diýip, adam hukuklaryny goraýan aktiwist Azatlyk Radiosyna Moskwadan telefon arkaly beren gürrüňinde aýtdy.

“Ýaş prezident” we ykbaly näbelli tussaglar

Türkmenistanyň hasaba alynmadyk Kommunist partiýasynyň lideri Serdar Rahymow 2002-nji ýylyň noýabryndan soň, prezident Nyýazowyň janyna kast ediş synanyşygy diýilýän iş bilen ilteşikli tussag edilipdi. Pragada ýaşaýan türkmen ýazyjysy Hudaýberdi Hally bu iş bilen bagly tussag edilen adamlaryň içinde syýasata goşulmadyk we asla ady agzalmaýan, bilinmeýän bendiler-de bar diýýär. Ol şeýle tussaglardan Aşgabatdaky pedagogiki uçilişäniň mugallymy bolup işlän Owezmyrat Ýazmyradowy, öňki bankir Aşyr Serçäýewi gowy tanandygyny gürrüň berdi. Onuň pikirine görä, bu ženaýat işi Nyýazowa potensial garşydaşlar bilen bilelikde dürli ýollar bilen gurplanan adamlary we olaryň bigünä garyndaşlaryny hem türmä basmaga bahana boldy.

Türkmenistanyň içindäki hem daşyndaky aktiwistleriň köpüsiniň tassyklamagyna görä, 25-nji noýabr wakasy bilen bagly tussaglar baradaky maglumatlar örän gizlinlikde saklanýar. Şonuň bilen bir wagtda ozal dürli döwlet işlerinde işläp, soňra anyk bolmadyk aýyplamalar esasynda, ýapyk sudlarda sud edilip, uzak möhletli türmä basylan öňki resmileriň sany hem belli däl. Olaryň içinde türmede ýogalanlaryň hem bardygy aýdylýar. Emma resmi Aşgabat ýa-da türkmen metbugaty bu hili tussaglaryň ykbaly barada açyk maglumat bermeýär.

Prezident Berdimuhamedow 2007-nji ýylyň sentýabrynda Birleşen Ştatlardaky Kolumbiýa uniwersitetinde ol tussaglar dirimi diýip berlen soraga “men entek ýaş prezident, bu meseleler bilen meşgullanamok, men halkyň abadançylygy bilen meşgullanýaryn, ýöne olaryň diridigine ynanýaryn” diýip jogap beripdi.

Ozalky türkmen diplomaty Çary Işannnyýazow golaýda ÝHHG-niň Warşawada geçiren adam hukuklary konferensiýasynda çykyş edip, ozalky türkmen resmilerinden Tagandurdy Hallyýew, Batyr Saryjaýew, Rejep Saparow, Annamyrat Hojamyradow dagynyň türmede ölendigini habar berdi. Emma resmi Aşgabat bu beýanata açyk reaksiýa bildirmedi.

Prezident Berdimuhamedowyň täze döreden komissiýalarynyň seljermeleri netijesinde 25-nji noýabr wakasy bilen ilteşiklilikde tussag edilen adamlardan hem birnäçesi, möhleti dolup ýa günä geçiş esasynda azatlyga çykdy. Olardan ýazyjy Ýusup Haýydowy, Milli howpsuzlyk gullugynyň ozalky başlygy Saparmyrat Seýidowy, telekeçi Esenaman Yklymowy ýatlamak bolar.

Wyždan bendileriniň azat edilmegine garaşylýar

Synçylar Türkmenistanda geçirilýän günä geçişlerde köplenç neşe bilen ilteşikli ýyl kesilen adamlaryň azatlyga çykýandygyny, syýasy tussag ýa wyždan bendisi hasaplanýan bendileriň bolsa sanynyň köpelýändigini aýdýarlar. Şu aýyň başynda žurnalist Döwletmyrat Ýazgulyýewe gümürtik aýyplama esasynda 5 ýyl iş kesilmegi bu aladany has-da güýçlendirdi.

Birleşen Ştatlaryň dört kongresmeniniň 12-nji oktbýarda žurnalist Döwletmyrat Ýazgulyýewiň, Türkmen Helsinki fondunyň agzalary Annagurban Amangylyjowyň, Sapardurdy Hajyýewiň, graždan aktiwisti Gulgeldi Annanyzowyň ykbaly barada alada bildirip, türkmen häkimiýetlerine hat ýazmagy hem şu ýagdaý bilen bagly.

“Türkmen inisiatiwasy” toparynyň başlygy Farid Tuhbatullin Türkmenistanda garaşylýan günä geçişde häkimiýetler azyndan wyždan bendileriniň, žurnalistleriň, şol sanda golaýda sud edilen Döwletmyrat Ýazgulyýewiň azat edilmegi ýaly ädimleri ätseler gowy bolar diýýär. Awstriýada ýaşaýan hukuk goraýjy Tuhbatulliniň pikirine görä, bu hili ädimler Türkmenistanyň hökümetiniň abraýyna bolar.

Teswirleri görkez

XS
SM
MD
LG