Sepleriň elýeterliligi

Tunisiň premýeri raýatlary saýlawlara çagyrdy


Tunisiň premýer-ministri Beji Said Sebsi ýurduň raýatlaryny “hiç çekinmän” ýekşenbe güni geçiriljek saýlawlara gatnaşmaga çagyrdy.

Sebsi ýerli telewideniýede eden ýüzlenmesinde saýlawlarda galplygyň we zorlugyň bolmajakdygyny hem nygtady.

Tunisliler ýurduň prezidentini bellejek we Konstitusiýany täzeden düzjek 217 agzalyk milli geňeşiň wekillerine ses bererler.

Çaklamalara görä, saýlawlarda sesleriň aglabasy yslamçy “Ennahda” partiýasyna berler.

Ýekşenbe güni geçiriljek ses berişlik şu ýylyň ýanwarynda halk tolgunyşyklary netijesinde ýurduň prezidenti Ben Ali häkimiýetden çetleşdirlenden soň geçiriljek ilkinji saýlaw bolar.
XS
SM
MD
LG