Sepleriň elýeterliligi

Çawez rak keselinden sagalandygyny aýdýar


Wenesuelanyň prezidenti Ugo Çawez özüniň rak keselinden sagalandygyny aýdýar.

Kubada geçirilen soňky medisina barlaglaryndan soň Wenesuela dolanan Çawez bejerginiň üstünlikli tamamlanandygyny aýtdy.

“Dört aý töweregi mundan öň, edil şu wagt, edil şu sagatda, men operasiýa otagynda ýatyp, ýedi sagada çeken operasiýany başdan geçirdim. Rak bejerildi. Indem, edil gudratda bolşy ýaly, dört aýdan soň, men siziň öňüňizde durun. Dört aý geçenden soň, men siziň araňyzda köçede durun” diýip, Çawez özüniň tarapdarylarynyň toparyna ýüzlendi.

Şu ýylyň iýun aýynda Kubanyň lukmanlary Çaweziň bedeninden tapylan rak ösüntgilerini aýyrmak üçin operasiýa geçiripdiler. Şondan soň Wenesuelanyň liderine dört gezek himoterapiýa kursy edildi.

57 ýaşly Çawez 13 ýyl bäri häkimiýet başynda otyr. Ol geljek ýylyň oktýabrynda geçiriljek saýlawlara hem öz kandidaturasyny goýmagy göz öňünde tutýar.
XS
SM
MD
LG