Sepleriň elýeterliligi

logo-print

Türk DIM-niň ýolbaşçysy eýranly kärdeşi bilen duşuşdy


Türkiýe kürt söweşijilerine garşy alyp barýan göreşinde Eýrandan goldaw isleýär.

Türkiýäniň daşary işler ministri Ahmet Dawutoglu separatist söweşijilere garşy göreşde aladalary güýçlendirmek üçin, özüniň eýranly kärdeşi Ali Akbar Salehi bilen Ankarada duşuşdy.

Ankara bilen Tähran Yragyň serhedindäki kürt söweşijilerine garşy öň bilelikde koordinirlenen hüjümleri amala aşyrypdy.

Üç gün bäri türk goşunlary kürt gozgalaňçylaryna garşy ýer we howa operasiýalaryny alyp barýarlar.

Çarşenbe güni Türkiýäniň günorta-gündogarynda kürt söweşijileriniň eden hüjüminde ýurduň harby güýçlerinden azyndan 24 adam ölüpdi.
XS
SM
MD
LG