Sepleriň elýeterliligi

Owgan IIM-niň ýolbaşçysynyň janyna kast etmäge synanyşyk edildi


Owganystanyň içeri işler ministri Bismullu Hanyň janyna kast etmäge synanyşyk edildi. Bu waka Kabulyň demirgazygyndaky Parwan welaýatynda boldy.

Welaýat häkimi Abdul Basir Salanginiň maglumatyna görä, ministriň ulag kerweni ýolda durup, adamlar namaz okamaga duran wagty, janyndan geçen bir söweşiji hüjüm etmäge synanşypdyr.

Habara görä, ministriň jan penalary hüjümçini partlaýjy serişdäni ýarmazdan ozal atyp öldüripdirler.

Wakada içeri işler ministrine hiç zat bolmady.
XS
SM
MD
LG