Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Liwiýanyň azat edilendigi resmi taýdan yglan edildi


Liwiýa ýurduň azat etdilendigini resmi taýdan yglan etdi. Munuň bilen baglylykda bazar güni ýurtda ýörite çäre geçirildi.

Dabara Kuranyň okalmagy we milli gimniň aýdylmagy bilen başlandy. Çärä Milli geçiş geňeşiniň lideri Mustafa Abdel Jalil we beýleki resmiler hem gatnaşdylar.

Jalil çykyş edip, ýurduň geljegi baradaky garaýyşlary orta atdy. Onuň bellemegine görä, Şerigat kanunlary ýurduň kanunçylygynyň “esasy çeşmesi” bolar, açyljak täze banklar hem yslam bank sistemalarynyň mysalynda bolar.

Şeýle-de Milli geçiş geňeşiniň liderleri Muammar Kaddafini agdarmak ugrunda sekiz aýa çeken uruşda pida bolanlary hatyraladylar.
XS
SM
MD
LG