Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

ABŞ-nyň Döwlet sekretary Klinton Özbegistana sapar etdi


Birleşen Ştatlaryň Döwlet sekretary Hillari Klinton Özbegistana sapary wagtynda şenbe güni prezident Yslam Karimow bilen gepleşik geçirdi.

Amerikanyň Döwlet departamentiniň bu barada ýaýradan maglumatynda Klintonyň Daşkentde eden çykyşynda bu ýurtdaky ynsan hukuklarynyň, dini azatlyklaryň we demokratik reformalaryň ýagdaýy bilen baglanşykly öz aladasyny mälim edendigi aýdylýar.

Emma Özbegistanyň resmi habar beriş serişdeleri ýokary derejeli amerikan resmisiniň ynsan hukuklary bilen bagly meseläni gozgap-gozgamandygy barada hiç hili maglumat ýaýratmadylar.

Hillari Klintonyň Özbegistana sapary ýekşenbe güni tamamlandy.
XS
SM
MD
LG