Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Tunisde ilkinji gezek açyk saýlawlar geçirildi


Tunisde köp ýyllaryň dowamynda ilkinji gezek açyk saýlawlar geçirildi.

Garaşsyz saýlaw toparynyň başlygy Kamal Jendoubiniň bellemegine görä, ýekşenbe güni geçirilen saýlawara gatnaşyk “ähli çaklamalardan” hem ýokary bolupdyr.

Tunisliler ýurduň geçiş hökümetini bellejek we Konstitusiýanyň täze görnüşini düzjek 217 agzalyk milli geňeşiň wekillerine ses berdiler.

Tunisde geçirilen saýlawlar barada Arap Ligasynyň ozlaky Baş sekretary, şeýle-de Müsüriň prezidentligine dalaş edýän Amr Moussa şeýle diýdi: “Eger-de biz demokratiýa barada söz açýan bolsak, onda biz demokratiýanyň özüni we demokratik prosesden gelip biljek netijeleri hem kabul etmelidiris. Biz öz ösüşimizi, öz rewolýusiýalarymyzy ýele sowrup bilmeris. Biz demokratiýany saýladyk, demokratiýa hem oýnuň şerti bolmaly”.

Çaklamalara görä, ýekşenbe güni geçirilen saýlawlarda sesleriň aglabasyny yslamçy “Ennahda” partiýasy alar. Bu partiýa ýurduň ozalky prezidenti Ben Aliniň döwründe gadagan edilipdi.

Ben Ali şu ýylyň ýanwarynda halk tolgunyşyklary netijesinde häkimiýetden çetleşdirilipdi.
XS
SM
MD
LG