Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Budapeştde onlarça müň adam proteste çykdy


Wengriýanyň paýtagty Budapeştde ýurduň premýer-ministri Wiktor Orbanyň alyp barýan syýasatyna garşy protest geçirildi.

“Bu režim meniň göwnümden turanok” atly proteste onlarça müň adam gatnaşdy. Protestçiler köpçülikleýin habar beriş serişdelerine girizilen senzura, täze salgyt sistemasyna hem özleriniň nägileliklerini bildirdiler.

Ýekşenbe güni geçirilen protest 1956-njy ýylyň güýzünde sowet režimine garşy geçirlen baş götermäniň 55-nji ýyl dönümine gabatlanyp geçirildi.
XS
SM
MD
LG