Sepleriň elýeterliligi

Pakistanda Hindistanyň harby wertolýoty gonmaga mejbur edildi


Pakistanyň harbylary Hindistanyň harby wertolýotyny gonmaga mejbur etdiler, ol ýurduň howa giňişligini bozupdyr. Bu barada Pakistanyň harbylarynyň metbugat wekili general Athar Abbas aýtdy.

Abbasyň maglumatyna görä, wertolýotyň bortundaky dört hindi ofiseri tussag astyna alnypdyr, şeýle-de bu waka boýunça Hindistan resmileri habardar edilipdir.
XS
SM
MD
LG