Sepleriň elýeterliligi

Klinton Täjigistanyň raýatlary bilen duşuşdy


Wideo: Birleşen Ştatlaryň Döwlet sekretary Hillari Klinton we Täjigistanyň daşary işler ministri Hamrokhon Zarifi Täjigistanyň paýtagty Duşenbede geçirilen metbugat konferensiýasynda, 22-nji oktýabr.

Birleşen Ştatlaryň Döwlet sekretary Hillari Klinton Täjigistana saparynyň dowamynda jemyýetiň wekilleri bilen duşuşdy, ol ýerdäki dini we beýleki hukuklar boýunça ABŞ-nyň aladalaryny bildirdi.

Ýurduň ýokary derejeli resmileri bilen duşuşmazyndan öň, paýtagt Duşenbede geçirilen intelligensiýa wekilleriniň ýygnagynda Klinton Waşingtonyň adam hukuklaryna berýän ähmiýeti barada gürrüň berdi.

“Biz Täjigistanyň raýatlarynyň gowy bilim almak, mellek edinmek, azat we garaşsyz mediadan peýdalanmak, syýasy proseslere deň derejede gatnaşmak we her bir erkek adama we aýala maşgala zerur bolan ähliumumy hukuklardan peýdalanmagyny doly goldaýarys” diýip, Klinton aýtdy.

Şeýle hem ol Waşingtonyň “esasy azatlyklaryň, şol sanda dini azatlyklaryň ähli adamlar üçin, ýaş hem ýaşuly, erkek adamlar we aýallar üçin goralmalydygyna çuňňur ynanýandygyny” mälim etdi.

Ýer eýesi bolmak, dini erkinlik ýaly meseleler şindi-de öz sowet geçmişinden doly arany açyp bilmedik Täjigistanda jedelli mesele bolup durýar.

Hökümeti tankytlaýanlar häkimiýetleri öz orunlaryndan galp peýdalanyp, hususy ýerleri eýeläp, ýokary girdeji bilen satýan döwlet işgärleriniň arasyndaky korrupsiýa göz ýumýanlykda aýyplaýarlar.

Hökümet şeýle hem dini işleri çäklendirýär. Mysal üçin, ýaşy 18-den kiçi ýaşlara we aýallara metjitde ybadat etmek gadagan. Dünýewi hökümet ýaşlara metjide däl-de, mekdebe gatnamagy ündäp: “Erkekleriň we aýallaryň bir ýerde bilelikde ybadat etmegi gelşikli zat däl” diýýär.

Täjikleriň aglabasy bolsa muňa diniň täzeden ýaýramagynyň, onuň şeýdip özgeriş üçin bir güýje öwrülmeginiň öňüni almak üçin girizilen çäre hökmünde garaýarlar.

Ykdysady meseleler

Klinton diňe bir şahsy azatlyklar barada gürrüň etmän, öňki sowet ýurtlarynyň arasynda iň garyp döwletleriň biri bolan Täjigistanda ykdysady öňegidişlikleriň gerekdigini hem nygtady.

“Siziň ençeme adamlaryňyz işiň gözlegine çykyp, öýlerini terk etmeli bolmaz ýaly, bu ýerde gülläp ösýän ykdysadyýetiň ýol almagy üçin, biz Täjigistandaky ykdysady mümkinçilikleriň ýokarlandyrylmagyna goşant goşmak isleýäris” diýip, Klinton aýtdy. “Munuň gysga wagtyň içinde bolmajakdygyny bilýäris, söwda päsgelçilikleri aradan aýrylmaly, daşary ýurt maýa goýulmaly ýurda çekilmeli. Şonuň üçin Birleşen Ştatlar “Täze ýüpek ýoly” diýip atlandyrýanymyzy goldaýar. Ol siziň regionyňyzdaky ähli döwletleriň arasynda çig mallaryň, energiýa we oba hojalygy önümleriniň söwda-satuwyny ýola goýjak täze bazarlaryň tranzit we söwda aragatnaşyk halkasydyr.”

Täjigistanyň uly problemalarynyň biri - ýerli ykdysadyýetiň iş gözleýänleri iş orunlary bilen üpjün edip bilmeýanligi zerarly ýurduň ýaşlarynyň iş gözläp daşary ýurtlara gidýänligidir. Olar köplenç Orsýetde ýa-da Merkezi Aziýanyň beýleki respublikalarynda agyr işlerde zähmet çekýärler.

Klinton Duşenbede täjigistanly zenanlar bilen duşuşýar, 22-nji oktýabr.

Klinton Duşenbede täjigistanly zenanlar bilen duşuşýar, 22-nji oktýabr.



Zalda oturanlaryň biri Klintondan zenanlaryň syýasata goşulmak hukuklary baradaky pikirini sorady. Klinton oňa özüniň ABŞ-nyň prezidentligine dalaş eden günlerindäki başdan geçirenlerini ýatlatdy.

“Meniň pikirimçe, aýal maşgalalara hökümetde resmiler we ministrler hökmünde wezipe eýelemäge mümkinçilik döredilmeli” diýip, Klinton aýtdy. “Belki köpüňiziň ýadyňyzdadyr, men prezidentlige dalaş etdim, sebäbi zenanlaryň öz ýurtlarynyň syýasy sistemasyndaky ähli wezipeler üçin bäsleşmelidigine ynanýaryn. Bu örän bäsleşikli saýlaw bolupdy we prezident Obama menden üstün çykdy. Emma soňra ol maňa öz hökümetinde işlemegi teklip edende, onuň bilen işleşmek mende buýsanç duýgusyny döretdi”.

ABŞ-nyň Döwlet sekretaryny diňlemek üçin, Duşenbdede ýerleşýän Aga Han adyndaky medeni merkezde geçirilen duşuşyga ýüzlerçe raýatlar gatnaşdy. Ýygnaga gatnaşanlaryň biri Abdulgoffor Kamolow Azatlyk Radiosyna özünde galan täsirler barada gürrüň berip, aýdylanlardan özüňi güýçlendirmek barada netije çykarandygyny aýtdy.

“ABŞ-nyň Döwlet sekretary bilen duşuşykdan çykaran netijäm – ähli üýtgeşiklikler her bir adamyň özünden başlamaly, şol üýtgeşiklikleri başga hiç kim getirip bilmez” diýip, Kamolow aýdýar. “Ýagny, biz öz ýurdumyzy özümiz gurmaly, azatlygymyzy özümiz gazanmaly, biziň garaşsyzlygymyz öz elimizde. Muny biziň üçin hiç kim etmez. Edil şolar ýaly, haçan-da amerikanlar bilen gürrüňdeş bolanymda, olar hemişe özlerindäki azatlygyň we garaşsyzlygyň her bir amerikanyň tagallasy bilen gazanylandygyny aýdýarlar”.

Klinton Duşenbä barmazyndan öň Pakistanda we Owganystanda boldy. Ol Täjgistana saparyndan soň Özbegistana bardy.
XS
SM
MD
LG