Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Pagta ýygymy mejbury zähmetligine galýar


Žurnalist Hallyýew mekdep okuwçylarynyň arasynda pagta begenip gidýänleriniň hem bardygyny, sebäbi şu günler her kilogram pagta tölenýän 20 teňňäniň olaryň maşgalasy üçin goldawdygyny aýdýar
Žurnalist Hallyýew mekdep okuwçylarynyň arasynda pagta begenip gidýänleriniň hem bardygyny, sebäbi şu günler her kilogram pagta tölenýän 20 teňňäniň olaryň maşgalasy üçin goldawdygyny aýdýar
Soňky ýyllar Türkmenistanda halkara sergilerini geçirmek we ýurtda alnyp barlýan işler bilen tanyşdyrmak giň gerime eýe boldy. “Türkmenpagta” döwlet konserniniň dekabr aýynda pagta önümleri barada geçirjek halkara sergi-ýarmarkasy hem şu praktikanyň dowamy bolup görünýär. Ýerli synçylar bu sergide görkeziljek pagta önümlerine bikanun çaga zähmetiniň, mejbury zähmetiň hem az goşant goşmajagyny aýdýarlar.

Türkmenistanyň öňki prezidenti Saparmyrat Nyýazow 2005-nji ýylyň fewralynda türkmen parlamentiniň deputatlaryna ýüzlenip, şeýle diýipdi: “Käwagt pagta möwsüminde, oba hojalygynda, ýene bir ýerde ýaşy zähmet ýaşyna ýetmedik çagalary ulanýarys, mekdep okuwçylaryny, zatlaryny. Şu gün men siziň birinji açylyş sessiýaňyzda peramana gol çekeýin, rugsat berseňiz, Türkmenistanda çaganyň zähmetini bikanun ulanmagy gadagan edeliň”.

Kanunyň täsiri

Ýerli synçylar çaga zähmetini bikanun ulanmagy gadagan etmek baradaky kanunyň Türkmenistanda mekdep okuwçylaryny köpçülikleýin pagta sürmek praktikasyny togtadandygyny aýdýarlar. Mysal üçin, žurnalist Döwletmyrat Ýazgulyýew geçen ýyl bu barada Azatlyk Radiosyna şeýle diýipdi: “Türkmenistanda häzir, mundan ýedi-sekiz ýyl öňki ýaly, pagta üçin ýa beýleki oba hojalyk işleri üçin mekdeplerde okuw ýatyrylanok”.

Ýöne Ýazgulyýew şonda mekdep mugallymlarynyň özi pagta ýygymyna gitmäge höwesek ýa mejbur çagalary sapakdan boşadýandygyny, sebäbi bu ýagdaýyň maşgalanyň eklenji bilen baglydygyny hem sözüniň üstüne goşupdy.

Türkmen metbugaty häzir pagta ýygymy boýunça döwlet planlarynyň doldurylşy barada dabaraly maglumatlary çap edýär, ýöne bu maglumatlarda ol hasylyň nähili ýetişdirilip, nähili ýygnalýandygy doly aýdylmaýar.

Çaga zähmeti

Azatlyk Radiosyna gowuşýan habarlara görä, geçen ýyllardan tapawutlylykda, bu ýyl pagta ýygymyna mekdep okuwçylary köpçülikleýin sürlüpdir. Lebaply žurnalist Osman Hallyýew etraplaryň käbirinde ozal okuwdan soň pagta sürülýän okuwçylaryň indi okuw wagtynda hem pagta ýygmaga mejbur edilýändigini aýdyp, Azatlyk Radiosyna şeýle gürrüň berdi: “12-nji oktýabrdan soň käbir etraplaryň käbir mekdeplerinde okuw ýatyrylyp, sekizinji, dokuzynjy, onunjy klas okuwçylary pagta ýygymyna çekildi”.

Düýbi Bolgariýada ýerleşýän Türkmen Helsinki fondunyň başlygy Täjigül Begmedowa özlerinde beýle maglumatyň ýokdugyny, Ahal we Daşoguz welaýatlarynda çagalaryň okuw wagtynda pagta sürülmeýändigini aýtdy. Ýöne Begmedowa çagalaryň syýasy dabaralara görülýän taýýarlyk ýörişleri zerarly kän okuw wagtyny ýitirýändigini we munuň çaga zähmetini bikanun ulanmak baradaky kanuny bozmakdygyny ýatladýar.

Işgärleri pagta sürmek

Balkanabatly (öňki Nebitdag) aktiwist Gurbandurdy Durdygulyýewiň Azatlyk Radiosyna aýtmagyna görä, Balkan welaýatynda bu ýyl edara-kärhanalarda işleýän adamlary pagta sürmek tendensiýasy has güýçlenipdir. Edara-kärhanlaryň işgärlerini pagta ýygmaga mejbur etmek Lebapda hem dowam edýär.

“Meselem, saglyk öýlerinde üç lukmanyň ýerine bir lukman galdyrypdyrlar, şepagat uýalarynyň, tam süpürijileriň ählisi, mekdebe çenli çagalar edaralarynyň enekeleriniň hemmesi şu günler pagtada” diýip, lebaply žurnalist Osman Hallyýew habar berdi. Ol lebaply edara-kärhanalaryň işgärleriniň öz esasy işinden boşadylyp, uzynly gün pagta ýygýandygyny, mekdep mugallymlarynyň okuwdan soň we dynç günleri pagta ýygýandygyny hem sözüniň üstüne goşdy.

Sebäp nämede?

Ýerli synçylaryň köpüsiniň tassyklamagyna görä, pagtanyň henizem mejbury zähmet bolup galmagy ýeriň daýhanlara kärendesine adalatly bölünip berilmezligi bilen bagly. Tejenli agranom Akmyrat Ataýew Azatlyk Radiosyna kärende ýerleriniň esasan wezipeli, sözi geçýän adamlaryň ygtyýaryndadygyny, olaryň daýhanyň ýerini islän wagty alyp, başga birine berip bilýändigini aýtdy.

Lebaply žurnalist Osman Hallyýew hem mekdep okuwçylarynyň we edara-kärhana işgärleriniň pagta sürülmeginiň esasy sebäbini ýeriň kärendä berlişindäki adalatsyzlyk bilen düşündirýär. Ol Lebapda daýhanlara bir gektardan üç gektara çenli kärende ýeriniň berilýändigini, emma wezipeli adamlaryň 15-20, hatda 30 gektar ýere gowaça ekdirýän halatlarynyň hem bolýandygyny we şolara goşmaça el güýjüniň gerek bolýandygyny, şu sebäpden hem okuwçylaryň, edara işgärleriniň pagta sürülýändigini belleýär.

Şeýle-de Hallyýew mekdep okuwçylarynyň arasynda pagta begenip gidýänleriniň hem bardygyny, sebäbi şu günler her kilogram pagta tölenýän 20 teňňäniň olaryň maşgalasy üçin goldawdygyny, günde 50 kilogram pagta ýygan çaganyň 10 manat pul gazanýadygyny aýtdy.
XS
SM
MD
LG