Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Türkiýede ýer yrandy, halas ediş işleri dowam edýär


Türkiýäniň günorta-gündogarynda ýer yrandy
please wait

No media source currently available

0:00 0:00:50 0:00

Türkiýäniň günorta-gündogar regionynda ýekşenbe güni ýüz beren güýçli ýer yranmadan soň, halas edijiler gözleg we halas edişlerini dowam etdirýärler.

Ýekşenbe güni irden ýüz beren we Rihter ölçeginde 7,2 ball güýji bolan bu ýer yranmanyň netijesinde ölen adamlaryň sany edil häzirki wagt 200-den gowrak diýlip hasaplanylýar. Ýöne gözleg işleriniň barşynda ölenleriň sanynyň has-da köpelmegine garaşylýar.

Bu tebigy betbagtçylygyň netijesinde müňlerçe adam öýsüz-öwzarsyz galdy. Netijede öten agşam müňlerçe adam gijäni sowuk howada, daşarda geçirdi.

Ýykan-ýumrançylyklar ýer yranmanyň episentrine golaý ýerleşýän Wan şäherinde has-da uly gerimde boldy. Bu regionyň ilaty aglaba kürt ýaşaýjylaryndan ybarat. Ýakyn günlerde bu regionda howanyň temperaturasy has-da peselip, garyň ýagmagyna garaşylýar.

Ýykan-ýumrançylyklar ýer yranmanyň episentrine golaý ýerleşýän Wan şäherinde has-da uly gerimde boldy.
Ýykan-ýumrançylyklar ýer yranmanyň episentrine golaý ýerleşýän Wan şäherinde has-da uly gerimde boldy.


Halas ediş işleriniň barşynda eýýäm ençeme adam ýykylan jaýlaryň harabalyklarynyň astyndan diri tapyldy. Erjiş raýonynda diri tapylan bir ýerli ýaşaýjy öz başyndan geçiren ýagdaýy barada şeýle gürrüň berdi: “Biz agam ikimiz harabalyklaryň astynda gabalyp galdyk. Meni diri alyp çykdylar. Ýöne agam henizem harabalyklaryň astynda”.

Türkiýäniň içeri işler ministri Idris Naim Şahin duşenbe güni irden 217 adamyň ölüdiginiň resmi ýagdaýda tassyklanandygyny aýtdy. Onuň aýtmagyna görä, bu ölenlerden 100-si Wan şäheriniň ýaşaýjysy, 117-si bolsa Erjiş raýonynyň ýaşaýjysy.

Idris Naim Şahin bu ýer yranmada Erjiş raýonynda köp gatly ýaşaýyş jaýlaryndan 80-e golaýynyň ýykylandygyny we köp adamlar henizem şol jaýlaryň harabalyklarynyň astynda diridir diýlip hasaplanylýandygyny aýtdy.

Türkiýäniň hökümeti ýurduň 38 şäherinden halas ediş toparlaryny bu raýona gözleg we halas ediş işleri üçin ýollady.
Türkiýäniň hökümeti ýurduň 38 şäherinden halas ediş toparlaryny bu raýona gözleg we halas ediş işleri üçin ýollady.


Türkiýäniň hökümeti ýurduň 38 şäherinden halas ediş toparlaryny bu raýona gözleg we halas ediş işleri üçin ýollady. Duşenbe güni irden Erjiş raýonynda 650 töweregi, Wan şäherinde bolsa 300 töweregi halas edijiniň iş alyp barýandygy barada maglumat alyndy.

Mundan daşary, Türkiýäniň Goranmak ministrligi-de halas ediş işleri üçin bu ministrlikden alty sany batalýonyň ýollanandygyny mälim etdi.

Türkiýäniň premýer-ministri Rejep Taýýip Erdogan ýer yranmanyň yzýany, ýekşenbe güni agşam bu tebigy heläkçiligiň bolan raýonyna bardy.

Azatlyk Radiosynyň Türkiýedäki habarçysy bu heläkçiligiň bolan raýonyna eýýäm Gresiýa we Ysraýyl ýaly ýurtlardanam ýardamlaryň gelip gowşandygyny habar berdi.

Emma premýer-ministr Rejep Taýýyp Erdogan Wan şäherinde habarçylara beren interwýusynda Gresiýa bilen Ysraýylyň hödürlän deslapky kömeklerinden häzirlikçe ýüz öwrendigini we käbir beýleki ýurtlaryň bu işde Türkiýä ýardam berýändiklerini aýtdy.

“Zerur bolan halatynda Türkiýe beýleki ýurtlardan kömek sorar. Häzirki wagt diňe Azerbeýjandan, Eýrandan we Bolgariýadan gelen toparlar iş alyp barýarlar” diýip, Erdogan belledi.

Türkiýäniň Eýran bilen serhet ýakasynda ýüz beren bu gezekki ýer yranmanyň Eýranyň-da serhetýaka raýonlarynda uly başagaýlyklary döredendigi habar berilýär. Ýöne Eýranyň territoriýasynda nähili ýitgileriň bolandygy barada häzirlikçe anyk maglumat alynmady.
XS
SM
MD
LG