Sepleriň elýeterliligi

Gazagystanyň Kommunistik partiýasy boýunça höküm öz güýjünde


Duşenbe güni Gazagystanyň şikaýat sudy bu ýurduň Kommunistik partiýasynyň işini alty aý möhlet bilen togtatmak baradaky ozalky hökümi öz güýjünde galdyrdy.

Ýakynda, 4-nji oktýabrda Almaty şäheriniň sudy Gazagystanyň Kommunistik partiýasyny ýurduň Jemgyýetçilik guramalar baradaky kanunyny bozanlykda aýyplap, bu partiýanyň işini alty aý togtatmak barada höküm çykarypdy.

Hususan-da, sud Kommunistik partiýanyň hasaba alynmadyk “Alga” partiýasy bilen bileleşip Halk Frontuny döretmegini kanuna garşy gelýän iş diýip hasaplady.

Almaty şäheriniň sudy Kommunistik partiýanyň lideri Ghaziz Aldamjarowy hem bu iş bilen bagly kanun bozmakda günäli tapyp, oňa 15 müň 100 teňňe jerime salypdy.

Şikaýat sudy duşenbe güni bu hökümleriň hemmesini öz güýjünde galdyrdy.
XS
SM
MD
LG