Sepleriň elýeterliligi

Türkiýede ýer yranmada ölenleriň sany artýar


Türkiýäniň hökümet resmileri ýurduň günorta-gündogar raýonynda düýnki ýüz beren ýer yranmada ölenleriň sanynyň kem-kem artýandygyny aýdýarlar.

Türkiýäniň içeri işler ministri Idris Naim Şahin häzirki wagta çenli bu tebigy heläkçilikde ölenleriň sanynyň 264-e ýetendigini aýtdy.

Ýekşenbe gümi irden ýurduň Wan şäheriniň golaýynda Rihter ölçeginde 7,2 ball güýji bolan ýer yranmasy bu raýonda uly ýykan-ýumrançylyklary döretdi.

Halas ediş toparlary diri galan adamlary gözlemek we halas etmek işlerini dowam etdirýärler.
XS
SM
MD
LG