Sepleriň elýeterliligi

NATO: 200 töweregi söweşiji öldürildi, ele salyndy


Duşenbe güni NATO-nyň resmileri soňky bir hepdä golaý wagtyň dowamynda Owganystan-Pakistan serhet ýakasynda geçirilen harby operasiýalarda jemi 200 töweregi ýaragly söweşijinin ele salnandygyny we käbirleriniň öldürilendigini mälim etdiler.

Owganystandaky koalision güýçleriň metbugat sekretary, brigada-generaly Karsten Jeýkobson bu ele salnanlardan ýa-da öldürilenlerden azyndan 20-siniň “Al-Kaýda” we “Hakkany” ekstremistik toparyna degişli adamlardygyny aýtdy.

Onuň aýtmagyna görä, koalision güýçler bu operasiýalarda 400 kilogramdan gowrak partlaýyjy maddany, köpsanly ýaraglarydyr kompýuterleri ele salypdyrlar.
XS
SM
MD
LG