Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Ermeni prezidenti orsýetli kärdeşi bilen duşuşar


Duşenbe güni Orsýete sapar edýän Ermenistanyň prezidenti Serž Sarkisýan Moskwada prezident Dmitriý Medwedew bilen gepleşik geçirmekligi planlaşdyrýar.

Bu gepleşiklerde Serž Sarkisýan bilen Dmitriý Medwedew, esasan, Azerbaýjan bilen Ermenistanyň arasynda dowam edip gelýän Daglyk-Garabag konflikti bilen bagly meseleleri ara alyp maslahatlaşarlar diýlip garaşylýar.

Birleşen Ştatlar we Fransiýa bilen bilelikde Orsýet hem Daglyk-Garabag meselesi boýunça alnyp barylýan gepleşiklere araçyllyk ediji Minsk toparyna girýär.

Şol bir wagtyň özünde-de, Orsýetiň Ermenistanyň iň bir ýakyn söwda partnýory diýlip hem hasaplanylýar.
XS
SM
MD
LG