Sepleriň elýeterliligi

Türkiýäniň tanklary Yragyň demirgazyk serhedini geçdi


Türkiýäniň tanklarynyň we harby tehnikasynyň Yragyň demirgazyk serhedini geçendigi habar berilýär. Maglumata görä, harby kerwen Yragyň 20 km içinde ýerleşýän - kürt pitneçileriniň Haftanindaky lagerine tarap barýar.

Geçen hepde gadagan edilen Kürdüstan Işçiler Partiýasynyň (PKK) söweşijileriniň türk esgerlerine garşy amala aşyran hüjüminden soň, türk harbylary kürt pitneçileriniň bazalaryna garşy ençeme serhet-ýaka operasiýany geçiripdi. Bularyň netijesinde onlarça kürt söweşijileriniň öldürlendigi aýdylýar.

PKK-niň söweşijileri 1984-nji ýyldan bäri özleriniň awtonomiýasyny döretmek ugrunda göreş alyp barýarlar. Şondan bäri bu konfliktde 45,000 töweregi adamyň ölendigi aýdylýar.
XS
SM
MD
LG