Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

ABŞ-Ysraýyl raýaty 25 müsürli bilen çalşylar


Müsürde içalyçylykda aýyplanyp tussag edilen, amerikan we ysraýyl goşa raýatlygy bolan Ilan Grapel Ysraýylyň türmelerinde oturan 25 müsürliniň ýerine çalşylar. Bu barada Ysraýylyň hökümeti habar berýär.

Iýun aýyndan bäri tussaglykda saklanýan Ilan Grapel Müsürde ozalky prezident Hosni Mubarege garşy baş götermeler döwründe Ysraýylyň bähbidine içalylyçylyk etmekde aýyplanýar.

Ysraýyl we Grapeliň maşgalasy bu aýyplamalary inkär edýär.

Amerikanyň araçylyk etmeginde gelnen bu ylalaşyk indi Ysraýylyň howpsuzlyk kabineti tarapyndan tassyklanmaly.
XS
SM
MD
LG