Sepleriň elýeterliligi

Tunis: aram yslamçylar saýlawda ýeňendiklerini aýdýarlar


Tunisiň aram yslamçy “Ennahda” partiýasy ýekşenbe güni geçirilen saýlawlarda ýeňiş gazanandygyny aýdýar. Saýlawlaryň resmi netijeleri sişenbe güni giçlik yglan edilmeli.

Tunisliler ýurduň geçiş hökümetini bellejek we Konstitusiýanyň täze görnüşini düzjek 217 agzalyk milli geňeşiň wekillerine ses berdiler. Dokuz aý mundan ozal bolan halk tolgunşyklarynda prezident Ben Aliniň häkimiýetden çetleşdirilmeginden soň, ýurtda ilkinji saýlawlar geçirildi.

Resmileriň maglumatyna görä, saýlawlara hasaba alnan ses berijileriň 90% töweregi gatnaşypdyr.
XS
SM
MD
LG