Sepleriň elýeterliligi

Kaddafiniň jesedi Misurata şäherinden çykaryldy


Liwiýanyň ozalky diktatory Muammar Kaddafiniň jesedi duşenbe güni giçlik Misurata şäherinden çykaryldy. Ol 20-nji oktýabrda Sirte şäherinde ele salnyp öldürilenden soň, Misuratada ýörite sowadylan ýerde saklanýardy.

Liwiýanyň Milli geçiş geňeşiniň resmisiniň aýtmagyna görä, Kaddafi çölüň içinde näbelli bir ýerde jaýlanar. Şeýle-de, Kaddafi bilen birlikde, onuň ogly Mutassim hem ýere berler.

Kaddafiniň nähili ýagdaýlarda ölendigi baradaky soraglar dowam edýär. Milli geçiş geňeşiniň başlygy Mustafa Abdel Jalil Kaddafiniň ölümini derňejek ýörite komitetiň döredilendigini mälim etdi.
XS
SM
MD
LG