Sepleriň elýeterliligi

logo-print

Gazagystan Toni Bleýri maslahatçy edinendigini aýdýar


Britaniýanyň öňki premýer-ministri Toni Bleýr

Britaniýanyň öňki premýer-ministri Toni Bleýr

Britaniýanyň öňki premýer-ministri Toni Bleýr Gazagystana ykdysady konsultant hökmünde maslahat berer. Gazagystanyň Daşary işler ministrliginiň beýanatyna görä, Bleýr “ykdysady syýasat, jemgyýetçilik dolandyryşy we halkara syýasat boýunça maslahat bermek üçin Gazagystan hökümetiniň çakylygyna jogap beren” ençeme daşary ýurtly resmileriň biri bolupdyr.

Gazak prezidentiniň kömekçisi Ýermuhamet Ýertyşbaýew AFP agentligine beren interwýusynda Bleýriň nebite we gaza baý Gazagystanda “sosial-ykdysady modernizasiýa meseleleri” boýunça iş alyp barmagynyň mümkindigini aýtdy.

Bleýriň metbugat wekiliniň aýtmagyna görä, Britaniýanyň ozalky premýer-ministri “halkara maslahatçylaryň toparyny ýygnamaga hemaýat berip“, ol mundan “hiç hili şahsy girdeýji görenok”.
XS
SM
MD
LG