Sepleriň elýeterliligi

logo-print

Bada-bat birnäçe dilde çykýan eserler


Gurbanguly Berdimuhamedowyň “Janly rowaýat” diýip at beren täze kitaby türkmen halyçylyk sungatyna bagyşlanyp, üç dilde, türkmen, rus we iňlis dillerinde, gowy suratlar bilen bezelip çap edilipdir.

Gurbanguly Berdimuhamedowyň “Janly rowaýat” diýip at beren täze kitaby türkmen halyçylyk sungatyna bagyşlanyp, üç dilde, türkmen, rus we iňlis dillerinde, gowy suratlar bilen bezelip çap edilipdir.

Türkmenistanyň prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň ýene iki kitaby okyjylara gowuşdy. Ol kitaplaryň birinjisi “Janly rowaýat”, ikinjisi “Älem içre at gezer” diýlip atlandyrylýar. Prezident Berdimuhamedow öz täze kitaplaryny 22-nji oktýabrda Mary welaýatynda açylan kitaphana sowgat berdi we şol ýerde hem olaryň jemgyýetçilige tanyşdyrylyşy boldy.

Gurbanguly Berdimuhamedowyň “Janly rowaýat” diýip at beren täze kitaby türkmen halyçylyk sungatyna bagyşlanyp, üç dilde, türkmen, rus we iňlis dillerinde, gowy suratlar bilen bezelip çap edilipdir. TDH-nyň ýazmagyna görä, prezidentiň “Älem içre at gezer” atly kitaby onuň atasy Berdimuhammet Annaýewe bagyşlanan çeper-dokumental roman bolup, iki dilde, türkmen we rus dillerinde çap edilipdir.

“Çykan pursatyndan ruhy mirasa öwrüldi”

Türkmen telewideniýesi jemgyýetçilige tanyşdyrylyş dabarasynda çykyş edenleriň prezidentiň täze eserleriniň giň okyjylar köpçüligi üçin gyzykly boljagyny nygtandyklaryny aýdýar.

“Şol eserler çapdan çykan pursatyndan bada-bat türkmen halkynyň gymmatly ruhy mirasyna öwrüldi” diýip, türkmen telewideniýesiniň diktory aýtdy.

Şu ýylyň iýun aýynda Gurbanguly Berdimuhamedowyň doglan güni bellenende türkmen lideriniň 50 ýaşdan soň açylan ýazyjylyk talantyndan başga ýene birnäçe zehini, şahyrçylygy, kompozitorlygy we bagşylygy hem belli bolupdy. Ýöne biraz soň prezidentiň adyna berlen we “Saňa meniň ak güllerim” diýip täze at dakylan aýdym başga bir ýaş aýdymça degişli bolup çykdy.

Diş dogtorlugyndan başlanan ýazyjylyk

Gurbanguly Berdimuhamedow hünäri boýunça diş dogtory bolup, medisina ylymlarynyň doktorydyr. Ol 2007-nji ýylda “Türkmenistanda saglygy saklaýyşyň ösüşiniň ylmy esaslary”, “Türkmenistan - sagdyn we ruhybelent adamlaryň watany” ýaly kitaplaryny neşir etdiripdi.

2008-nji ýylyň oktýabrynda prezidentiň türkmen atlaryna bagyşlanan kitaby çap edilen bolsa, şol ýylyň dekabrynda onuň “Ösüşiň täze belentliklerine tarap” diýen at berlen eseri, has anygy “Saýlanan eserleriniň” birinji kitaby okyjylara ýetirildi. Türkmen telewideniýesi, öňki prezident Nyýazowyň kitaplarynyň bolşy ýaly, bu kitabyň hem “ýurduň syýasy we ruhy durmuşynda gaty uly waka hökmünde häsiýetlenýändigini” habar bermän durup bilmedi.

Ýöne Berdimuhamedow ýazyjylyk meýdanynda şeýle gysga wagtda ýeten belent sepgitleri bilen çäklenmedi we 2009-njy ýylyň maýynda ýene bir kitap, Türkmenistanyň derman ösümliklerine bagyşlanan ensiklopediýa mazmunly eser bilen okyjylaryny begendirdi. Prezident bu eseriniň her bir türkmen maşgalasynda stol kitabyna öwrüljegine umyt bildirdi.

“Şägirt halypadan ozdurmasa, kär ýiter”

Resmi habarlara görä, Berdimuhamedow sagdyn durmuş obrazyny alyp barmakda bütin ýurda nusga görkezýär.

Resmi habarlara görä, Berdimuhamedow sagdyn durmuş obrazyny alyp barmakda bütin ýurda nusga görkezýär.

​Türkmenistanda Berdimuhamedowdan ozal iň öndümli işleýän we metbugatda iň ýokary baha berilýän ýazyjy we şahyr Saparmyrat Nyýazowdy we onuň “Ruhnamasy” türkmen maşgalalarynda iň köp okalýan kitap hasaplanýardy. Mysal üçin, türkmen metbugaty Nyýazowy “şa şahyr” diýip atlandyrsa, onuň kitaplaryny “şa diwany” atlandyrýardy. Türkmen telewideniýesiniň 2006-njy ýylyň oktýabrynda beren bir habarynda türkmen parlamentiniň agzalarynyň Mejlisde agzaçar wagty Nyýazowyň “Türkmenistan – bagtym meniň” atly şygyrlar diwanynyň döredilmegi mynasybetli sadaka berlendigi aýdylypdy.

Ýöne ýerli synçylar Berdimuhamedowyň kitaplarynyň entek Nyýazowyň “Ruhanamasy” ýaly hökmany okamaly we ekzamen tabşyrmaly esere öwrülmändigini, olaryň Kosmosa hem iberilmeýändigini aýdýarlar. Emma muňa garamazdan, TDH Berdimuhamedowyň öňki prezident Nyýazowa garanda has talantlydygyny görkezýän habarlary çap edýär. Ol habarlara görä, Berdimuhamedow kitap ýazmakdan başga ussat çapyksuwar, ussat mergen hökmünde hem tanalýar we sagdyn durmuş obrazyny alyp barmakda bütin ýurda nusga görkezýär.

“Ýigide müň hünärem az”

Bulardan başga, prezident Berdimuhamedow ykdysady ylymlaryň hem doktorydyr. Bu ylmy dereje oňa “Türkmenistanyň ykdysady strategiýasy: halka daýanyp, halkyň hatyrasyna” atly makalasy çap edilenden soň berildi. Ykdysatçy Çemen Muhaýewanyň türkmen metbugatynda ýazmagyna görä, prezidentiň bu işinde “düýpli özgertmeleri durmuşa geçirmegiň ýollary giňişleýin beýan edilýär”.

Türkmen metbugaty biraz öň Mälikguly aganyň uruş ýyllarynda, mekdep okuwçysy wagty ýazan goşgusyny ile ýetiripdi.

Türkmen metbugaty biraz öň Mälikguly aganyň uruş ýyllarynda, mekdep okuwçysy wagty ýazan goşgusyny ile ýetiripdi.

Emma Bolgariýada ýaşaýan türkmen ykdsatçysy Annadurdy Hajyýew başga pikirde. Ol Berdmuhamedowyň bu işinde halkyň hatyrasyna edilýär diýilýän işleriň hiç bir statistiki delil bilen berkidilmändigini we “hemme zat döwletiň ygtyýarynda saklanýarka türkmen halky abadançylyga we bazar mehanimzmine tarap hereket edýär diýip öwnüp bolmajagyny aýdýar.

Berdimuhamedowyň atasyna bagyşlap ýazan “Älem içre at gezer” atly täze romanyna kakasy Mälikugly Berdimuhamedow sözbaşy ýazypdyr. Türkmen metbugaty biraz öň Mälikguly aganyň uruş ýyllarynda, mekdep okuwçysy wagty ýazan goşgusyny ile ýetiripdi. Şol goşgudan çen tutulsa, Gurbanguly Berdimuhamedowyň ýazyjylyk zehini kakasyndan gaýdýar. Mälikguly Berdimuhammedowyň ol goşgusynda şeýle setirler bardy:

"Ekine zyýanly çöpleri çapalyň,
Işiň hilini gowy edeliň;
Duşmanyň depesinden uralyň,
Ýeňiş üçin köp ekeliň dänäni!"


Ozalky sowet giňişliginde Berdimuhamedowdan başga-da ylmy iş, çeper döredijilik üçin wagt tapýan liderler bar. Olardan Özbegistanyň prezidenti Yslam Kerimowy, Gazagystanyň prezidenti Nursoltan Nazarbaýewi agzamak bolar. Ukrainanyň prezidenti Wiktor Ýanukowiç bolsa golaýda başga adamlaryň ylmy işlerinden bölekleri öz adyna geçirmekde aýyplandy.

Teswirleri görkez

XS
SM
MD
LG