Sepleriň elýeterliligi

Gazak ýaşlar guramasy premýeriň wezipeden çekilmegini talap edýär


Şu gün Gazagystanyň «Ruh pen til», ýagny «Ruh bilen dil» atly ýaşlar guramasy ýurduň premýer-ministri Karim Masimowyň wezipesinden çekilmegini talap edip, gol ýygnaýyş kampaniýasyny geçirýändigini mälim etdi.

Şu gün Almaty şäherinde geçirilen metbugat konferensiýasynda bu guramanyň aktiwisti Inga Imanbaý «Ruh pen til» guramasynyň eýýäm bu mesele boýunça 10 müň töweregi gol toplandygyny aýtdy we ýurduň ilatyny bu kampaniýany goldamaklyga çagyrdy.

Ol premýer-ministr Karim Masimowy ýurtdaky azyk önümleriniň, ýangyjyň we elektrik energiýasynyň bahasynyň gymmatlamagynyň sebäbini düşündirmeýänlikde aýyplady.

Şu meseleler bilen bagly-da ol öz guramalarynyň Karim Masimowyň wezipeden çekilmegini talap edýändigini nygtady.
XS
SM
MD
LG