Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Türkiýede ýer titremeden ölenleriň sany 350-den geçdi


Türkiýäniň hökümet resmileri ýurduň günorta-gündogar raýonynda ýekşenbe güni ýüz beren ýer yranmada ölenleriň sanynyň has-da artýandygyny aýdýarlar.

Türkiýäniň Tebigy betbagtçylyklar we adatdan daşary ýagdaýlar boýunça edarasy häzirki wagta çenli bu tebigy heläkçilikde ölenleriň sanynyň 366-a ýetendigini aýdýar.

Ýekşenbe güni Türkiýäniň Wan prowinsiýasynda Rihter ölçeginde 7.2 ball güýji bolan ýer yranmasy bu regionda uly ýykan-ýumrançylyklary döretdi.

Resmi maglumatlarda bu ýer yranmada 2 müň 260-dan gowrak jaýyň ýykylandygy aýdylýar. Halas ediş işleri henizem dowam edýär.
XS
SM
MD
LG