Sepleriň elýeterliligi

Moskwa BSG boýunça Gürjüstanyň şertlerini kabul edenok


Şu gün Orsýetiň prezidentiniň kömekçisi Arkadiý Dworkowiç Orsýetiň Dünýä Söwda Guramasyna agza bolmak meselesinde Gürjüstanyň goýýan şertleriniň Moskwa üçin kabul ederliksizdigini aýtdy.

Dünýä Söwda Guramasynyň agzasy Gürjüstan Orsýetiň bu gurama kabul edilmegi üçin onuň Abhaziýany we Günorta Osetiýany garaşsyz ýurtlar hökmünde ykrar etmesini bes etmelidigini öňe sürýär.

Orsýetiň Dünýä Söwda Guramasyna agza bolmagy üçin muňa bu guramanyň ähli agzalarynyň, şol sanda Gürjüstanyň-da öz razylygyny bermegi zerur bolup durýar.

Orsýetiň we Gürjüstanyň wekilleri ýakyn wagtlarda bu mesele boýunça özara gepleşik geçirmekligi planlaşdyrýarlar.
XS
SM
MD
LG